Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1775008
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Emine Erdogan; Saglyk ýagdaýymyz kadaly” söz başyly habarynda, Prezidentiň Diwanynyň metbugat Sekretary İbrahim Kalynyň koronawirus ýokanjyna sezewar bolan Prezident R.T.Erdoganyň saglyk ýagdaýynyň gowulaşýandygyny beýan edendigini ýazýar. Kalyn; “Lukmanlaryň aýtmagyna görä birnäçe günüň dowamynda testiň netjesi negatiwe öwrüler” diýdi. Erdoganyň aýaly Emine Erdogan hem Twitter hasabyndan beren habarnamasynda “Saglyk ýagdaýymyz kadaly” diýip ýazdy.

“Ýeni Şafak” gazeti “NATO-dan we Germaniýadan Erdogana Ukraina meselesinde sagbolsun” söz başyly habarynda, NATO-nyň we Germaniýanyň Prezident R.T.Erdoganyň Russiýa-Ukraina dartgynlygyna syýasy çözgüt tapmak üçin başladan diplomatik tagallasyna goldaw berilip, sagbolsun aýdylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg Erdogana telefon edendigini aýdyp; “Syýasy çözgüt tapmak üçin işjeň goldawy we şahsy tagallalary mynasybetli sagbolsun aýtdym” diýen sözlerini çap edýär. Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Kristofer Burger hem Türkiýäniň tagallalaryna kanagatlanma bildirdi.

“Haber Türk” gazeti “DKTR-dan Ýewropa reaksiýa” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Ýewropa komissiýasynyň Konstruktiw özgertmelere goldaw bölüminiň baş Müdiri Mario Nawanyň Kiprde iki döwletli çözgüdiň kabul edilmesizdigi hakynda beýanatyna berk reaksiýa bildirendigini ýazýar. DKTR-nyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada; “Ýewropa Bileleşiginiň resmileriniň Kipr meselesiniň çözgüdi boýunça garaýyş beýan etmegi we höküm bermegi ahlak hem-de kanuny taýdan ýerliksiz” diýilýär.

“Star” gazeti “Ýagşylyk otlusy Owganystana bardy” söz başyly habarynda, İçeri işler ministrliginiň Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň utgaşdyrmagynda Türkiýedäki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ugradylan “Ýagşylyk otlusynyň” Owganystana barandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Prezident Erdoganyň “Ýagşylyk otlusy” hakyndaky görkezmesinden soň işe girişen guramalaryň resmileri ynsanperwer kömegini alyp giden otluny ugradypdy.

“Sabah” gazeti “Bütin ýurtda “Turkowak” buýsanjy” söz başyly habarynda, koronawirusa garşy öndürilen ýerli sanjym “Turkowakyň” düýn Türkiýäniň ähli etraplarynda ulanylmaga başlanandygyny mälim edýär. Raýatlar “Buýsanjy we bagtyýarlygy bilelikde başdan geçirýäris. Döwletimize we türk lukmanlaryna ynanýarys” diýýän bolsa, lukmanlar “Ýerli sanjyma garaşýan halk gatlagy bardy. Birinji gün uly isleg bildirildi” diýdi.



Degişli Habarlar