Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1773323
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan; Dartgynlygyň parahatçylykly ýollardan çözüljekdigine ynanýarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda Ukraina-Russiýa dartgynlygy hakynda durup geçip; “Ukrainanyň territorial bitewiligine we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda Minsk ylalaşygynyň çäginde parahatçylykly ýollardan çözüljekdigine içginlik bilen ynanýarys” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Fransuz metbugaty ýazdy: Prezident Erdogan hötdesinden gelse, güýji hasam artar” söz başyly habarynda, Türkiýe Russiýa-Ukraina dartgynlygyny çözmek üçin işe girişen bolsa, “Frans-24-iň” Prezident Erdogan hötdesinden gelen halatynda NATO-daky güýjüniň hasam artjakdygyny ýazandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklarynyň kadalaşma tapgyrynda ikinji duşuşyk 24-nji fewralda” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň kadalaşmagy üçin iki ýurduň ýörite wekilleriniň arasyndaky ikinji duşuşygyň 24-nji fewralda Awstriýanyň paýtagty Wenada geçiriljekdigini beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Gara deňizden çykarljak gaz boýunça hoş habar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Nebit kampaniýasynyň Gara deňizde tapylan Sakarýa gaz känindäki Türkali-1 guýusynda ähli akyş synaglarynyň üstünlik bilen tamamlanandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Antalýanyň ýanwar aýyndaky syýahatçy sanynda 178 göterimlik artyş” söz başyly habarynda, Antalýa ýylyň birinji aýynda gelen syýahatçy sanynyň geçen ýylyň degişli döwrüne görä 178 göterim artyp, 138,604 adama barabar bolandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar