Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1771345
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan; Türkiýe gelejege ynam bilen garaýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ösen diýilýän ýurtlaryň esasy böleginiň täze görnüş koronawirus pandemiýa tapgyrynda synagdan geçip bilmändigini, Türkiýäniň bolsa taryhynyň iň ýokary önümçiligini hem-de eksportuny amala aşyrandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Erdogan; “Türkýe indi kesgitleýiji ýurtlaryň hataryna goşuldy. Gelejege ynam bilen, umyt we gaýduwsyzlyk bilen garaýarys” diýdi.

“Star” gazeti “Gündogar Ortaýer deňizinde sözi geçýän ýurt Türkiýe” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tataryň “Gündogar Ortaýer deňizinde iň güýçli we uly potensial taýdan gelejekde sözi geçýän ýurt Türkiýe bolar” diýen sözlerini çap edýär. Türkiýäniň degişli bolmadyk balansynda parahatçylygyň dowam etmeginiň mümkin däldigini nygtan Tatar; “Şeýlelikde Türkiýe elmydama Gündogar Ortaýer deňizinde bolar” diýdi.

“Watan” gazeti “Köp sanly ýurtda türk ÝUHU-lary bar” söz başyly habarynda, Gyranyş senagaty edarasynyň başlygy Ismail Demir dost we ýaran ýurtlaryň inwentarlaryna goşulan türk goranyş senagatynyň önümleriniň dünýäniň çar tarapyna eksport edilýändigini, esasanda türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň kesgitleýiji konsepsiýasynyň dünýäniň gün tertibine hem girizilendigini aýdandygyny ýazýar. Demir; “Goranyş senagatynyň önümlerini eksport edýän ýurtlarymyzyň sany 170-e, ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglary, deňiz platformalary ýaly eksport edilýän önümleriň görnüşi 228-e ýetdi” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe 2021-nji ýylda 30 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň öňki ýyl bilen deňeşdirilende 88,08 göterim artyş bilen jemi 30 milliondan gowrak syýahatçyny kabul edendigini ýazýar. Türkiýäniň 2021-nji ýylda syýahatçylyk pudagyndan alan girdejisi bolsa 103,02 göterim ýokarlap, jemi 24,5 milliard dollara barabar boldy.

“Sabah” gazeti “Türkiýe dünýäniň önümçilik bazasy bolar” söz başyly habarynda, Prezidentiň Diwany bilen Senagat ministrliginiň täze ykdysady maksatnamanyň önümçilik böleginiň hasam güýçlendirilmegi, Türkiýäniň dünýäniň esasy önümçilik merkezlerinden birine öwrülmegi üçin möhüm taýarlyklara başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Taýýarlanan kanun teklibi bilen bar bolan 22 sany senagat zolaklaryna uly goldawlar beriler, maýa goýum we maliýe üpjünçiligine elýeterlilik ýeňilleşdiriler. Türkiýäniň awtoulag başlangyjy topary ýaly strategik maýa goýumlar ýeke-täk senagat zolagy hökmünde kabul ediler.



Degişli Habarlar