Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1753418
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti, “Daşary işler ministri Çawuşogly Ermenistan bilen ilkinji maslahat Moskwada geçirler diýdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Ermenistanyň we Türkiýäniň ýörite wekilleriniň arasynda geçiriljek duşuşyklar hakynda beren beýannamasynda, Ermenistanyň ilkinji maslahatyň Moskwada geçirilmegini isleýändigine ünsi çekendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti, “TURKOWAGA daşary ýurtdan talap” söz başyly habarynda Türkiýäniň Saglyk institutlarynyň başlygy Prof. Doktor Erhan Akdoganyň, Türkiýäniň koronawirusa garşy taýarlan ilkinji ýerli sanjymy TURKOWAG-yň adatdan daşary şertlerde gyssagly ulanylmagyna rugsat berilmeginden soň daşary ýurtlardan sanjymyň satyn alynmagy üçin talabyň gelmäge başlandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Haber Türk” gazeti, “Ministr Warank:ARYN atly goşlary barlagdan geçiýän rentgen enjamlary indi ASELSAN tarapyndan öndürler diýdi” söz başyly habarynda, Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warankyň, bujetde millionçarça dollaryň sarp edilmegine sebäp bolýan we daşary ýurtlardan satyn alynýan goşlary barlagdan geçiýän rentgen enjamlarynyň indi ASELSAN tarapyndan öndüriljekdigine ünsi çekendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti, “Stambul howa menzilinden daşalan ýüküň mukdary we guralan söwda saparlarynyň sany artdy” söz başyly habarynda, Stambul howa menzilinden üstümizdäki ýylyň 11 aýlyk döwründe daşalan ýükün mukdarynyň 30 göterim, guralan söwda saparlarynyň bolsa 45 göterim artandygyny habar berýär.

“Star” gazeti, “Milli ýüzüji Emre Sakçy dünýä rekordyny goýdy” söz başyly habarynda, Milli ýüzüji Emre Sakçynyň dünýä çempionadynda 50 metre ýüzmekde 24,95-lik derejesi bilen rekord goýandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar