Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1751496
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "TURKOWAK-yň gyssagly ulanylyşy tassyklandy" söz başyly habarynda, Koronawirus epidemiýasyna garşy oýlanyp tapylan TURKOWAK sanjymynyň gyssagly ulanylyş rugsatnamasynyň çykarylandygyny habar berýär. Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja: "Ýerli Kowid-19 TURKOWAK sanjymymyz şu günden başlap gyssagly ulanylyş rugsatnamasyny aldy we önümçiligine başlandy" diýip aýan etdi. Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Epidemiýa tapgyrynda maska başda bolmak bilen elimizdäki lukmançylyk enjamlary bilen paýlaşdyk. Beýleki ýerlerden alýan sanjymlaryň bir bölegini dostlukly ýurtlara ugradýarys. Turkowak-yň öndürilmegi bilen birlikde sanjymymyzy ähli adamzat bilen paýlaşmakdan bagtyýar bolarys" diýdi. 

Ýeni Şafak gazedi: "TBMM-niň başlygy Şentop: Balkanlarda parahatçylygyň we durnuklylygyň hemişelik we dowamly bolmagy Ýewropa we dünýä parahatçylygy taýdan möhüm" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentopyň, Serbiýanyň paýtagty Belgrad şäherinde ýurdyň Milli Mejlisiniň başlygy Iwisa Daçiç bilen geçren maslahatynda: "Balkanlarda parahatçylygyň we durnuklylygyň hemişelik we dowamly bolmagynyň diňe sebitiň ýurtlary we Balkan döwletleri taýdan däl, eýsem Ýewropa we dünýä parahatçylygy taýdan hem ähmiýetldigini pikir edýäris" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Star gazedi: "Kazakbaýew türk işewür adamlary ýurduna maýa goýmaga çagyrdy" söz başyly habarynda, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýewiň, Gyrgyzystan bilen Türkiýäniň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek maksady bilen türk işewür adamlaryna ýurdunda maýa goýumlaryny artdyrmaklary barada çagyryş berendigini mälim edýär. Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew Türkiýe-Gyrgyzystan işewür adamlar, medeniýet, raýdaşlyk we dostluk jemgyýetiniň esaslandyrylmagynyň 1-nji ýyly mynasybetli ýurdyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen çärede, ýurdundaky türk işewür adamlarynyň sanynyň ýeterlik derejede bolmandygyny belledi. 

Sabah gazedi: "Türkiýäniň duzlanan önümlerini iň köp Germaniýa, Gollandiýa we ABŞ talap etdi" söz başyly habarynda, Türkiýeden ýylyň 11 aýlyk döwründe amala aşyrylan duzlanan önümleriň eksportyndan 300 million dollar girdeji alynandygyny beýan edýär. Germaniýa 76 million dollarlyk duzlanan önümler eksport edilen bolsa, Gollandiýa 47 million dollarlyk, ABŞ-na bolsa 32 million dollarlyk duzlanan önümler eksport edildi. Duzlanan önümler şeýle hem Britaniýa 25 million dollarlyk, Rumyniýa bolsa 11 million dollarlyk eksport edildi. 

Watan gazedi: "Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 9 millliondan geçdi" söz başyly habarynda, Antalýa dynç almaga gelen syýahatçylaryň sanynyň 2021-nji ýylyň soňky günlerine golaýlaşylyp gelinýän hem bolsa artmaga dowam edýändigini habar berýär. Antalýanyň welaýat häkimliginiň Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginden berilen beýanata görä, Antalýa howa ýollary arkaly gelen syýahatçylaryň sany ýanwar aýyndan bäri 9 million adamdan geçdi. 


Etiketkalar: #habar , #Türkiýe , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar