Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1750843
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Prezident Erdogan: 2053-nji ýyl maskatnamamyzyň esasy ugurlary bilim we medeniýet bolar" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň düýn Prezidentiň Kompleksinde geçirilen Prezidentiň Medeniýet we Sungat baýraklarynyň sylaglandyrmak dabarasyna gatnaşandygyny habar berýär. Prezident Erdogan: "2053-nji ýyl maskatnamamyzyň esasy ugurlary bilim we medeniýet bolar" diýip belledi.

Haber Türk gazedi: "TBMM-niň başlygy Mustafa Şentopdan Demirgazyk Makdoniýa FETÖ bilen bagly duýduryş" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentopyň, Demirgazyk Makedoniýanyň Mejlisinde eden çykyşynda, FETÖ bilen bagly duýduryş berip: "FETÖ-niň diňe Türkiýe üçin däl, eýsem bar bolan ähli ýurtlar taýdan howp we milli howpsuzlyk riskni emele getirýändigi baradaky hakykaty dostlukly Demirgazyk Makedoniýanyň göz öňünde tutmagyny tama edýäris" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Watan gazedi: "Ministr Akar, Bosniýa-Gersegowinanyň Baş ştabynyň başlygyny kabul etdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň Bosniýa-Gersegowinanyň Baş Ştabynyň başlygy Senad Mazowiçi kabul edendigini beýan edýär. Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Baş Ştabyň başlygy Ýaşar Güleriň çakylygyna laýyklykda Türkiýä gelen Senad Mazowiç bilen Milli Goranmak ministrliginde duşuşyk geçirdi. Hulusi Akaryň mundan başgada Türkiýäniň Bosniýa-Gersegowinanyň parahatçylygyna, durnuklylygyna we bütewiligine ähmiýet berýändigi, iki ýurdyň arasyndaky harby tälimiň we hyzmatdaşlygyň has hem güýçlendirilmegi bilen bagly işleriň çaltlandyrylmagynyň gerekdigi beýan edildi. 

Star gazedi: "Nigeriň Premýer ministri Mahamadou: Terrora garşy göreşde Türkiýä zerurlygymyz bar" söz başyly habarynda, Nigeriň Premýer ministri Ouhoumoudou Mahamadounyň Niger döwletiniň terrora garşy göreşinde Türkiýäniň tejribelerine we harby enjamyna zerurlygynyň bardygyny aýdandygyny aýan edýär. Mahamadou: "Türkiýe harby enjam, awiasia we uçarmansyz howa ulaglary babatynda Nigerden örän öňde. Türkiýe Nigeriň terrora garşy göreşine ençeme ugur boýunça goşant goşup biler" diýip nygtady.

Sabah gazedi: "TOGG ABŞ-na gidýär" söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli we milli awtoulagy TOGG-yň dünýä sahnasyndaky ilkinji ädimini ABŞ-nda atjakdygyny mälim edýär. TOGG Las-Wegas şäherinde 5-8-nji ýanwar aralygynda geçiriljek we dünýäniň iň uly tehnologik kärhanalaryň gatnaşjak Sarp edijileriň elektronika sergisi CES 2022-ä gatnaşar. 


Etiketkalar: #habar , #metbugat , #dünýä , #gazet

Degişli Habarlar