Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1745071
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti, “Erdogan: Ýüzlerçe maýa goýum bilen ýakyndan gyzyklanýarys” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň täze görnüş koronawirus epidemiýasy bilen birlikde ýaňadandan gurlan halkara ykdysady ulgamda Türkiýäniň ýyldyzy parlaýan ýurtlardan birine öwrülendigi hakyndaky sözlerine ýer berýär. Erdogan “Ýurdumyzyň çar tarapynda bir tarapda käbiri öz raýatlarymyz, käbiri bolsa daşary ýurtly maýardarlar tarapyndan alnyp barylýan uly göwrümli ýüzlerçe maýa goýum bilen ýakyndan gyzyklanýarys” diýdi.

“Star” gazeti, “Russiýa-Ukraina krizisinde Türkiýäniň goldawyna ýaşyl çyra” söz başyly habarynda, Ukrainanyň Prezidentiň Wladimir Zelenskiniň metbugat geňeşçisi Sergiý Nikoforow, Russiýa bilen başdan geçirilýän Donbas krizisinde Türkiýäniň gepleşiklere gatnaşmagyna oňyn garaýandyklary hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär. Prezident Erdogan, “Russiýa-Ukraina krizisiniň çözülmegi üçin töwellaçy bolup bileris” diýipdi.

“Hürriýet” gazeti, “Türkiýe emeli hemra bäsleşigine milli emeli hemrasy bilen taýarlanýar” söz başyly habarynda, Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warankyň, Türkiýäniň emeli hemra bäsleşigi üçin milli emeli hemrasyny taýarlaýandygyna ünsi çekendigini belleýär. Türkiýe 2023-nji ýylyň ahyryna çenli milli we özboluşly raketasy bilen Aýa çykmagy maksat edinýär.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Gümrük geçelgelerinde konteýner gatnawy soňky 4 aýda 17 göterim artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň eksportynyň gün saýyn artýandygyny we muny gümrük geçelgelerinde hem görmek bolýandygyny ýazýar. 6 gümrük geçelgesinden günde ortaça 5 müň 380 konteýner geçýär. Konteýner gatnawy soňky 4 aýda 17 göterim artdy.

“Watan” gazeti, “Dünýäniň iň gymmat daşy diňe Türkiýede çykarylýar” söz başyly habarynda, dünýäniň iň gymmat daşlaryndan biriniň diňe Türkiýede Mugla welaýatynyň Milas etrabyndan çykarylýandygyny mälim edýär. Milasda çykarylýan Diaspor daşy almazdan hem has gymmat we seýrek gabat gelýän daşlardan biri.



Degişli Habarlar