Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly beýan tapýar

1729171
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: "Pariž ylalaşygy 10-njy noýabrda güýje girer" söz başyly habarynda, Resmi gazetde çap edilen Prezidentiň karary bilen Pariž ylalaşygynyň güýje giriş taryhynyň 2021-nji ýylyň 10-nji noýabry hökmünde kesgitlenendigini mälim edýär. Prezident Rejep Taýýip Erdogan 21-nji sentýabrda BMG-nyň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda, Türkiýäniň Pariž ylalaşygyny tassyklajakdygyny we 2053-nji ýyl üçin parnik gazlarynyň zyňyndylaryny dolulygyna aýyrjakdygyny beýan etdi. 

Haber Türk gazedi: "Türk Howa ýollary kärhanasy ilkinji 9 aýlyk döwürde 6,2 milliard türk lira derejesinde arassa girdeji aldy" söz başyly habarynda, Türk howa ýollary kärhanasynyň, 2021-nji ýylyň ilkinji 9 aýlyk döwründe 6,2 milliard türk lirasy derejesinde arassa girdeji alandygyny habar berýär. 2021-nji ýylyň ilkinji 9 aýlyk döwründe jemi 31 million ýolgçy daşan THÝ şu ýylyň ilkinji 7 aýynda Ýewropada iň köp uçar saparyny guran howa ýollar kärhanasy, ilkinji 9 aýlyk döwürde bolsa iň köp uçar saparyny guran 2-nji howa ýollary kärhanasy adyna eýe boldy. 

Hürriýet gazedi: "Awtoulag senagatyndan 2,6 milliard dollarlyk eksport" söz başyly habarynda, Türkiýäniň awtoulag senagatynyň geçen aý amala aşyran eksportynyň 2,6 milliard dollara barabar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda awtoulag eksporty bolsa geçen ýylyň şol döwrüne garanyňda 19 göterimlik artyş bilen 23,9 milliard dollara barabar boldy. Şol döwür aralygynda aýlyk eksport görkezijileri ortaça 2,4 milliard dollara deň boldy. 

Star gazedi: "Ýerli awtoulag taslamasy ynamly ädimler bilen dowam edýär" söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji ýerli awtoulagynyň 2022-nji ýylyň ahyrynda dowamly önümçiligine geçiljekdigini aýan edýär. Elektrik tokda işleýän ulaglaryň kalby bolan batareýalaryň Türkiýede öndürilmegi babatynda hem uly öňe gidişlikler edilýär. Türkiýäniň Awtoulag kärhanalar topary TOGG bilen dünýä ägirdi FARASIS batareýa taslamalary bilen bagly goýumlaryna ýakyn wagtda Gemlikde başlar. 

Ýeni Şafak gazedi: "Gorkut Ata Türk dünýäsi film festiwaly ilkinji gezek Stambulda geçiriler" söz başyly habarynda, "Beýogly Medeniýet ýoly" atly festiwalyň çäginde geçiriljek "Gorkut Ata Türk dünýäsi film festiwalynyň" kino muşdaklar üçin açyljakdygyny beýan edýär. Festiwalyň tanyşdyrylyş filmini sosial media hasabyndan paýlaşan Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Ahmet Misbah Demirjan festiwala 13 ýurtdan 42 filmiň gatnaşjakdygyny belläp: "Türki dilli ýurtlaryň 200-den gowrak prodýuseri, režissýory we aktýorynyň bir ýere jemlenjek çäre bilen kinemotografiýanyň ýüregi Stambulda urar" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #habar , #Türkiýe , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar