Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1727314
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti, “Türkiýe howa çalşygy meselesiniň çözülmegine öňbaşçy bolmakda ygrarly” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Türkiýäniň, gadymy medeniýetinden ylham alyp ýaşyl galkynyş ynkylabynyň durmuşa geçirilmegi bilen howa çalşygy kriziniň çözülmegine öňbaşçy bolmakda ygrarlydygyna ünsi çekendigini ýazýar. Erdogan “ Ýurdumyz tebigatyň goralmagyna uly ähmiýet berýär” diýdi.

“Hürriýet” gazeti, “Erdogan: Baýden F-16-lar meselesine oňyn garaýar” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen bolan duşuşygy hakynda beren beýannamasynda “ABŞ-nyň Siriýadaky terror guramalaryna goldaw bermeginiň bizi gynandyrýandygyny nygtadyk” diýendigini belleýär. Erdogan, Baýdeniň F-16 harby uçarlary meselesine oňyn garaýandygyny gördüm” diýip belledi.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Konteýner krizisi pursada öwrüldi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň konteýner krizisine we deňiz gatnawynyň çykdajylarynyň ýokarlamagyna garşy Birleşen Arap Emirliklri bilen Pakistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigini habar berýär.  Şol çäkde Birleşen Arap Emirlikleriniň Şaržah portundan ýüklenen konteýneler, Eýrandakky Bender Abbas portuna, ol ýerden hem gara ýoly arkaly İskenderun portuna gelýär. Ozal 20 gün dowam eden ýolagçylyk täze liniýa bilen 6-8 güne, Pakistandan bolsa 1 aý dowam edýän deňiz ýolagçylygy gara ýoly bilen 10-12 güne çenli aşaklady.

“Star” gazeti, “Türkiýäniň awtomobili tolgundyrýamaga dowam edýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň awtomobili TOGG-yň öndürilmegi etabynyň güýçli depginde dowam edýändigini mälim edýär.

 Sosial media arkaly taslamada ýetilen sepgit hakynda yzygiderli maglumat berilýär. TOGG-yň Twitterden beren habarnamasynda “Maksadymyza ýetmek üçin aýgytly ädimler bilen öňe barýarys. Täze ligada ýolagçylygymyz güýçli depginde dowam edýär” diýildi.

“Sabah” gazeti, Magdançylyk pudagynda önümçiligiň üstümizdäki ýylyň 8 aýlyk döwründe 20,9 göterim artandygyny nygtaýar.



Degişli Habarlar