Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1721665
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti, “Prezident Erdogan Angolda” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň düýn Angolanyň Prezidenti Manuel Gonçalwes Lourenço bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýannamasynda, Angolanyň ozal Türkiýeden uçarmansyz howa ulagyny we ýaragly uçarmansyz howa ulagyny satyn almak üçin ýüz tutandygyna ünsi çekendigini ýazýar.

Erdogan beýannamasynda, saparyň çäginde indi sowutly ulaglar mesesi hakynda hem giňişleýin pikir alyşandyklaryny belledi.

“Hürriýet” gazeti, “Prezident Erdogan, Angolanyň Mejlisinde çykyş etdi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň resmi saparynyň çäginde düýn Angolanyň mejlisinde çykyş edendigini habar berýär. Erdogan çykyşynda “Adamzadyň geljegine, II jahan urşunyň ýenijisi birnäçe ýurt karar berip bilmez” diýdi.

“Sabah” gazeti, “Ýerli koronawirus sanjymy Turkowakda täze waka” söz başyly habarynda, Kaýseri Erjiýes uniwersiteti tarapyndan koronawirusa garşy taýarlanan ýerli we milli sanjym Turkowagyň, iki doza sanjym etdirenlerde “ýatlatma” dozasy hökmünde ulanylmaga başlanandygyny mälim edýär.

Kaýseride ilkinji gezek bir meýletine Turkowak sanjymy üçünji doza sanjym hökmünde edildi.

“Haber Türk” gazeti, “Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 8 milliondan geçdi” söz başyly habarynda, Antalýa şu ýyl geçen syýahatçylaryň sanynyň 8 million 38 müň 761 adama ýetendigini mälim edýär.

Ýanwar aýyndan bäri şähere howa ýoly arkaly gelen syýahatçylaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 162 göterim artdy.



Degişli Habarlar