Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýaniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1717620
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Türkiýe ýaşyl galkynyş ynkylabyny başlatdy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýäniň Howa çalşygy boýunça Pariž konwensiýasyny tassyklap, ýaşyl galkynyş ynkylabyny başladandygyny aýdandygyny ýazýar. “Her bir ugurda bolşy ýaly ýaşyl galkynyş ynkylabynda-da iň uly goldawy ýaşlarymyzdan alýarys” diýen Erdogan: “Türkiýä koronawirus pandemiýasynda güýçli saglyk infrastrukturasynyň saýasynda nähili tapawutlanan bolsa, ýaşyl galkynyş ynkylaby bilen hem howa çalşygyna garşy göreşde-de şeýle üstünlik gazanarys” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan Afrika ýurtlaryna sapar eder” söz başyly habarynda, Arfika ýurtlarynyň liderleri bilen diplomatik gatnaşyklary güýçlendiren Prezident Erdoganyň Afrika ýurtlaryna sapar gurajakdygyny ýazýar. Prezident Erdogan 17-nji oktýabrda 4 gün dowam etjek Angola, Nigeriýa we Togo döwletlerine sapar eder. Türkiýe-Afrika Hyzmatdaşlyk sammitiniň 3-njisi bolsa dekabr aýynyň 17-18-i aralgynda Stambulda geçiriler.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýäniň Ýemende guralan bombaly hüjüm hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň Ýemeniň Aden gubernatory Hamad Lambasyň ulag kerwenine guralan bombaly hüjüm sebäpli duýgudaşlyk beýannamasyny berendigini mälim edýar. Beýannamada “Lamlasyň ulag kerwenine bomba ýüklenenulag bilen guralan hüjümde pida bolanlaryň we ýaralananlaryň bolmagy bizi çuňňur gynandyrdy. Bu elhenç hüjümi ýazgaryp, pida bolanlara alladan rehmet, ýaralananlara şypa, dost we doganlyk Ýemeniň halkyna hem-de hökümetine duýgudaşlyk bildirýäris” diýilýär.

“Sabah” gazeti “Magdançylyk pudagynda eksport rekordy” söz başyl habarynda, dünýäde öndürilýän 90 magdan görnüşiniň 80 sanysyna eý ebolan we 650 görnüşli mermer bilen 150 tebigy daş känlerinde önümçilik edýän Türkiýäniň magdançylyk pudagynda eksport rekorduny goýmaga dowam edýändigini ýazýar. Magdançylyk pudagy diňe bir sentýabr aýynda 584,3 million dollarlyk eksporty amala aşyrdy.

“Haber Türk” gazeti “Formula 1-iň Türkiýe Grand prisi hemmeleri haýran etdi” söz başyly habarynda, “Formula 1-iň dünýä çempionatynyň 16-njy bäsleşi bolan “Rolex Türkiýe Grand Prisinde” ýeňiş Mersedesiň sürüjisi Waltteri Bottasyňky boldy. Ýagyşyň ýagmagy sebäpli sürüjiler kynçylykly pursatlary başdan geçiren hem bolsa, Stambul Parkdaky bäsleşik janköýerleri haýran galdyrdy. 80 müň tomaşaçy öwüşginli pursatlary başdan geçirdiler. Bottasyň baýragyny Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop gowşurdy” diýip ýazýar.



Degişli Habarlar