Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1715304
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdoganyň Gündogar Ortaýer deňizi hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň “Kriter” žurnalyna beren beýanatynda Türkiýäniň halkara hukuga sarpa goýýandygyny nygtap; “Biziň garşy durýan zadymyz, halkara hukugy bahana edip bize kabul edildirilmäge synanşylýan ikistandartlylyk. Biz indi Gündogar Ortaýer deňizinde hukuklarymyzy goramalymy? Stoluň başynda çyzylan kartalary kabul edelimi? Golaýymyzda açylmaga synanşylýan terror koridoryna garşy durman, synçy bolup galalymy? Elbetde synçy bolup galmagymyz mümkin däl. Bu meselede halkara hukuk kadalaryna laýyklykda degişli çäräni gördük, görmekden hem çekinmeris” diýen sözlerini çap edýar.

“Star” gazeti “Germaniýanyň Prezidenti Şteýnmeýeriň Türkiýe hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Şteýnmaýeriň türkleriň Germaniýanyň bir bölegini emele getirýändigini aýdandygyny ýazýar. Steýnmaýer Türkiýe bilen Germaniýanyň arasynda “özbolyşly gatnaşygyň” bardygyny nygtap; “Türkiýe syýasy pozisiýasy taýadan-da Germaniýanyň strategik ähmiýetli hyzmatdaşy” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Akar Gresiýany dialoga çagyrdy” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky düşnüşmezlikler hakynda; “Biz meselelerin halkara hukuk kadalaryna laýyklykda parahatçylykly ýollardan, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna laýyklykda we dialog bilen çözüljekdigine ynanýarys. Biz nähili bolanda-da dialogyn tarapynda” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Rus syýahatçylary Stambuly saýlap aldy” söz başyly habarynda, Russiýadan Stambula ýylyň 9 aýynda 381,346 syýahatçynyň gelendigini mälim edip, rus syýahatçylarynyň Stambulda dynç alma isleginiň artandygyna ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Stambul howa menzilinde taryhy pursat” söz başyly habarynda, dünýäniň esasy howa menzillerinden biri bolan Stambul howa menziliniň dünýäniň in uly ýolagçy uçary “Airbus 380” bilen dünýäniň iň uly ýük uçary “Antonow 225 Mriýany” şol bir wagtda kabul edendigini mälim edýär.

 



Degişli Habarlar