Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1711405
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Dünýäde adalatly üpjün etmek mümkin” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň global ulgamyň indi çözgüt tapmaga ukupsyz, adalatsyz, densiz gurluşynyň esasanda birnäçe wagtdan bäri koronawirus pandeöiýasy we howa çalşygy sebäpli ýüze çykan agyr netijeler bilen ýüzleşýän dünýäde hasam özüni görkezmäge başlandygyny beýan edendigini ýazýar. Erdogan ençeme ýyldan bäri “Dünýä bäşden uludyr” garşylygy bilen beýan edýän global dolanşyk ulgamyndaky üýtgetme talabyny “Dünýäde adalaty üpjün etmek mümkin” diýmek bilen hasam güýçlendirendiklerini beýan etdi.

“Haber Türk” gazeti “DKTR-nyň Prezidenti Tatar: Biz Kipriň türk halkynyň hukuklaryny goramaly” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tataryň; “Biziň hukugymyz özygtyýarly deňlik we ykrar edilmek, ine şondan soň gelejek üçin işe girişeris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Tatar, Kipriň türk halkynyň hukuklaryny goramak we gelejek üçin çözgütleri seljermek üçin ähli pursatdan peýdalanjakdyklaryny aýtdy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Aliýew: Garşyňyza Türkiýe çykar” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewiň Garabagy ermeni basybalyjylaryndan halas etmek üçin başladylan söweşiň birinji ýylynda ýeňiş gazanylmagynda Türkiýäniň uly goşandynyň bardygyny beýan edendigine ünsleri çekýär. Aliýew; “Türkiýe biz goldap, bütin dünýä “Goşulyşmaň, çäre görmäň! Eger goşulyşaýsaňyz garşyňyzda Türkiýäni görersiňiz” diýipdi. Bu elbetde uly üstünlik we ýeňillikdi” diýdi.

“Sabah” gazeti “Ýerli sanjym TURKOWAJ rekorda taýarlanýar” söz başyly habarynda, täze görnüş koronawirusa garşy öndürilen ýerli inaktiw sanjym “Turkowajyň” 3-nji tapgyr barlaglarynyň hem iňňän gowy netije alynmagyndan soň ulanylmagy boýunça rugsat almak üçin taýarlyklaryň başlandygyny mälim edýär. Degişli rugsatlaryň alynmagyndan soň gelejek aýyň ahyryna çenli önümçilige başlamak maksat edinilýär. Birinji tapgyrda günde 300 müň sanjymyň öndürilmegi meýilleşdirilýär.

“Star” gazeti “Türkiýäniň awtoulagy TOGG-yň tolgundyryjy habarnamasy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň awtoulag başlangyç toparynyň (TOGG) sosial media hasabyndan möhüm habarnama berendigini ýazýar. TOGG Gemlik etrabyndaky desgalarynda taýarlyklaryň ýokary depginde dowam edýändigini görkezýän wideo ýazgy paýlaşdy. Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warank bolsa “2022-nji ýylyň ahyrynda Türkiýäniň Awtoulagynyň tapgyrlaýyn öndürilmäge başlandygyny göreris” diýipdi.



Degişli Habarlar