Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1708981
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Erdogan: Sebitde Türkiýäni ýok hökmünde garaýan düşünjeden ýüz öwrülmelidir" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň BMG-nyň Baş Assambleýasynda çykyş edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Çykyşynda Gündogar Ortaýer deňizinde iň uzyn kenara eýe bolan Türkiýäni sebitde ýok hökmünde garaýan düşünjeden ýüz öwrülmeginiň gerekdigini bellän Erdogan: "Dialog we hyzmatdaşlyk üçin sebitdäki ähli aktýorlaryň gatnaşjak Gündogar Ortaýer deňizi Konferensiýasynyň geçirilmegi bilen bagly teklibimiz entegem öz güýjüni goraýar" diýip habar berdi. Erdogan Kiprdäki türk halkynyň halkara statusynyň ykrar edilmelidigini beýan etdi. 

Hürriyet gazedi: "Erdogadan bütin dünýä Turkowak buşlugy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, koronawirus epidemiýasy tapgyrynda Türkiýe hökmünde ilkinji günlerden başlap ellerindäki ähli mümkinçilikleri dostlukly we doganlyk ýurtlar bilen paýlaşmaga çalyşandyklaryny aýdandygyny mälim edýär. "159 ýurda we 12 halkara gurama lukmançylyk kömegini ugratdyk" diýip aýdan Erdogan ýerli sanjym bolan Turkowak-yň hem ýakyn wagtda bütin adamzadyň ulanylmagyna hödürlejekdiklerini aýan etdi. 

Ýeni Şafak gazedi: "Erdoganyň Has Adalatly Bir Dünýä Mümkin atly kitaby Nýu-Ýorkda ekranlaryň üsti bilen tanyşdyryldy" söz başyly habarynda, Prezident Erdogan tarapyndan ýazylan "Has Adalatly Bir Dünýä Mümkin" atly kitabynyň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň merkezindäki köçeleri bilen Taýms meýdançasyndaky ekranlaryň üsti bilen tanyşdyrylandygyny habar berýär. Adalatsyzlyk, bosgun krizisi, halkara terrorizm we Yslamafobiýa başda bolmak bilen global syýasatyň çykgynsyzlyklarynyň üstünde durulyp geçilýän kitap, Erdogan tarapyndan BMG-nyň Baş Assambleýasynda ikiçäk duşuşyklar geçirjek daşary ýurt liderlerine sowgat beriler. 

Watan gazedi: "TEKNOFEST festiwaly başlady" söz başyly habarynda, Dünýäniň iň uly awiasia, älem we tehnologiýa festiwaly TEKNOFEST-iň düýn Stambul şäherindäki Atatürk howa menzilinde öz işine başlandygyny beýan edýär. 26-njy sentýabra çenli dowam etjek çärede Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň SOLOTÜRK topary we Türk Ýyldyzlary Bosfor bogazynda uçuş amala aşyrdylar. TEKOFEST festiwalynda ilkinji orunlary alan toparlara 5 million liradan gowrak sylaglar beriler. 

Star gazedi: "Türkiýede ýerine ýetirildi, dünýäde ilkinji gezek boldy" söz başyly habarynda, T3 gaznasynyň geňeşiniň başlygy we TEKNOFEST-iň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Selçuk Baýraktaryň, TEKNOFEST festiwalynda uçarmansyz howa ulaglary bilen uçarlaryň bir wagtda uçuş şouny amala aşyrandygyny aýdandygyny mälim edýär. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #habar , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar