Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1707946
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti, “TBMM-niň Başlygy Şentop ÝB-niň bosgunlar syýasatyny tankyt etdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentopyň ÝB-niň bosgunlar meselesinde alyp barýan syýasatyny tankyt edendigini ýazýar.

Mustafa Şentop “ÝB beren sözünde durman we bosgunlara ýeterlik ynsanperwer kömegini bermän halatynda bosgun tolkunynyň öňü alnyp bilinmez. Türkiýe mundan köp bosguny kabul edip bilmez. Her bir ýurt jogapkärçilik almaly”diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Amerikaly syýasaty öwrejini alym Joffeý: Türkiýäniň Orta Aziýadaky, Kawkazdaky we Owganystandaky täsiri güýçlenýär” söz başyly habarynda, Amerikaly syýasaty öwreniji alym Joffeý, “Orta Aziýada, Kawkazda we Owganystanda Türkiýäniň täsiri güýçlenýär. Türkiýe sebitde esasy rol oýnaýan aktýor ýagdaýyna geldi” diýen sözlerine ýer berýär.

“Hürriýet” gazeti, “ÝB-niň Ýaş alymlar bäsleşiginde Türkiýä ilkinji gezek birinjilik baýragy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 2005-nji ýyldan bäri Ýewropa Bileleşiginiň Ýaş alymlar bäsleşigine gatnaşýandygyny we ilkinji gezek birinjilik baýragyna laýyk görlendigini habar berýär. 34 ýurtdan ýaş alymlaryň gatnaşmagyndan geçirlen bäsleşige Türkiýe TÜBITAK-yň ýolbaşçylygynda 6 taslama bilen gatnaşdy. Bäslelikde 5 taslama baýrakly orunlara eýe boldy.

“Haber Türk” gazeti, “8 Aýda 11,8 million dollarlyk çaý eksport edildi” söz başyly habarynda Türkiýäniň 2021-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan 8 aýlyk döwürde 110 ýurda çaý eksport edendigini mälim edýär. Çaý eksportundan 11 million 898 müň 412 dollarlyk girdeji gazanyldy. Belgiýa, Germaniýa, ABŞ, DKTR, Fransiýa we Gollandiýa çaý eksportunda esasy orun eýeledi.

“Star” gazeti, Türkiýäniň  Milli ýygyndy Ampute komandasynyň 2021 EAFE Ýewropa Ampute futbol çempionadynda Ispaniýany 6-0 hasabynda ýeňip yzly yzyna ikinji gezek Ýewropanyň çempiony boldy.



Degişli Habarlar