Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1693107
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan “IDEF 21” 15-nji Halkara goranyş senagaty sergisinde möhüm beýanatlar berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Stambulda “IDEF 21” 15-nji Halkara goranyş senagaty sergisinin açylyş dabarasynda sözlän sözünde ýurdun serhetlerinden onlarça müň kilometr alysda terrorizme garşy göreş ady bilen asuda-bigünä adamlaryň üstüne bomba ýagdyranlardan bolmandyklaryny we bolmajakdyklaryny beýan edendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Çawuşoglunyň Owganystan hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň düýn beren beýannamasynda: “Owganystanda häzirki wagta çenli Talibanyň beren ýüzlenmelerine oňyn çemeleşýändigimizi aýdasym gelýär” diýen sözlerini çap edýär. Çawuşogly: “Owganystanda ähli taraplar bilen dialogymyzy dwoam etdirýäris. Oňa Talibanam degişli” diýdi.

“Star” gazeti “Türkiýeden başga döwlet üçin “doganlyk ýurt” diýmeýäris” söz başyly habarynda, Düýn Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşan Koreýa Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Býon Sugyň Koreýanyň ykdysady taýdan ýeten derejesinde türk esgerleriniň goşandygynyň uludygyny beýan edip; “Koreýa haýsydyr bir ýurda “doganym” diýip ýüzlenmeýär, diňe Türkiýe üçin “doganlyk ýurt” diýýäris” diýendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Polşanyň Goranmak ministri Blaşak beýan etdi: ÝUHU-lar 2022-nji ýylda harby goşunlarymyza gowşurylar” söz başyly habarynda, Sosial media hasabyndan habarnama beren Polşanyň Goranmak ministri Mariu Blaşagyň “BAÝKAR Sawunma” firmasynyň baş Müdiri Haluk Baýraktar bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we “Baýraktar TB2” ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň 2022-nji ýylda Polşanyň ýaragly güýçlerine gowşuryljakdygyny habar berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “7 auda 16,250 tonna Gara deňiz somonyny eksport etdi” söz başyly habarynda, Türkiýeden 2021-nji ýylyň 7 aýynda 16,250 tonna Gara deňiz somonyny eksport edip, 90,316,827 dollar girdeji gazanandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar