Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1688446
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Ömer Çelik: Türkiýe hiç kimiň bosgun düşelgesi däl” söz başyly habarynda, Adaşlat we ösüş partiýasynyň Metbugat sekretary Ömer Çeligiň düýn beren beýanatynda Türkiýäniň hiç kimiň bosgun düşelgesi däldigini aýdandygyny ýazýar. Ömer Çelik: “Türkiýe hiç kimiň bosgun düşelgesi däldir. Ölümden gaçana eýe çykmazlyk ahlaga syğmaz. Emma bärsini bosgun düşelgesi hökmünde görkezmek dogry däl” diýdi.

“Star” gazeti “TURKOWAK-dan şatlyklyhabar. 100 göterim netijeli” söz başyly habarynda, koronawirusa garşy Türkiýede öndürilen “TURKOWAK” sanjymynyň wirusyň iňlis wariantyna garşy 100 göterim netijelidiginiň beýan edilendigine ünsleri çekýär. “TURKOWAK” sanjymynyň taslama boýunça ýolbaşçysy Professor Aýkut Özdarendeli delta warianty boýunça barlaglaryň dowam edýändigini beýan etdi.

“Watan” gazeti “Ugur Şahin Delta warianty hakynda beýanat berdi” söz başyly habarynda, “BioNTech” firmasynyň ýolbaşçysy Professor Ugur Şahiniň “BioNTech-Pfizer” tarapyndan öndürilen birinji newsil Kowid-19 sanjymynyň delta bilen birlikde häzirki wagtda bar bolan wariantlaryň ähline garşy netjelidigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ugur Şahin şol sebäpli häzirlikçe sanjymyň düzüminiň özgertme edilmejekdigini aýtdy.

“Hürriýet” gazeti “Gruziýanyň Premýer-ministri Garibaşwiliniň Türkiýe hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Gruziýanyň Premýer-ministri İrakli Garibaşwiliniň serhetdeş goňşusy we strategik hyzmatdaşy Türkiýe bilen gatnaşyklaryna hem-de hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändiklerini aýdandygyny ýazýar. Garibaşwili düýn beren beýannamasynda: “Türkiýe bilen strategik ýaranlygymyz bar we şoňa laýyklykda Türkiýe bilen dostlukly gatnaşyklara hem-de hyzmatdaşlyga aýratyn uly ähmiýet berýäris” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Gün we ýel energiýasyna 1 trillion dollarlyk maýa goýum” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň geljek 10 ýylda döwlet eýeçeliligi we hususy pudak tarapyndan kepillendirilen 1 trillion dollarlyk ýel we gün maýa goýumynyň bardygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Warank: “Şol çäkde Türkiýe gaýtadan işlenýän energiýadan ýokary derejeden peýdalanyp, nebit we gazda daşarky garaşlylygy azaltmak isleýär” diýdi.



Degişli Habarlar