Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1582252
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Prezident Erdogan Kowid-19 sanjymynyň ikinji dozasyny etdirdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň sosial mediada beren habarnamasynda “Kowid-19 sanjymynyň ikinji dozasyny etdirdim. Enşalla gysga möhletde ähli raýatlarymyzy sanjymlamagy maksat edinýäris” diýip ýazandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Daşary işler ministrligi ABŞ-na berk reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň ABŞ-nyň tussaglykda saklanýan Osman Kawalanyň boşadylmagy boýunça beren beýannamasyna berk reaksiýa bildirilendigini ýazýar. Ministr “Haýsydyr bir döwlet ýa-da adam türk kazyýetlerine kazyýet işi boýunça buýruk berip bilmez” diýilýär.

“Hürriýet” gazeti “Fuat Oktaý: Kiprde çözgüt iki döwletli bolar” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň arasyndaky 2021-nji ýylyň maliýe habarnamasynyň deslapky seljerişlerine gatnaşmak üçin DKTR-na baran Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň Kipr meselesinde iki döwletli çözgütden egilşik etmejekdiklerini aýdandygyny mälim edýar.

“Haber Türk” gazeti “Şu ýyl üçünji FSRU desgasy ulanmaga beriler” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmezin tebigy gazda üpjünçilik howpsyzlygyny ýola goýmak üçin möhüm başlangyçlar edýändiklerini nygtap: “Iki sany FSRU-ny, ýagny ýüzüji LNG ammarlaýyş we gazlaşdyryş desgasyny ulanmaga berdi we bar bolan LNG terminallarymyzyn güýjüni tas iki esse artdyrdyk. Şol sanda üçünji FSRU desgasy hem ýylyň dowamynda ulanmaga beriler we tebigy gaz infrastrukturamyz hasam güýçlener” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Fransiýanyň mediasy talyplara tölegsiz nahar paýlaýan türk raýaty hakda ýazýar” söz başyly habarynda, Fransiýanyň Reisms şäherinde L’Stambul atly kebap dükanynyň eýesi türk raýaty Mawzer Taşdeleniň hepdäniň belli günleriniň belli sagatlarynda ýüzlerçe talyba tölegsiz döner paýlaýandygyny mälim edýär. Pandemiýa sebäpli kynçylykly günleri başdan geçiren talyplaryň göwnüni götermek üçin şeýle başlangyç edendiklerini aýdan Taşdeleniň kampaniýasy ençeme fransuz media organlarynda seslenme döretdi.

 



Degişli Habarlar