Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1577274
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdoganyň konstitutsiýanyň täze teksti hakyndaky çagyryşy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň birnäçe gün ozal konstitutsiýanyň täze teksti boýunça beren çagyryşyny ýene bir gezek gaýtalap, oňa goşant goşmak isleýänleri konstitutsiýanyň taýarlyk işlerine gatnaşmaga çagyrandygyny ýazýar. Erdogan “Bu konstitutsiýa Prezident dolanşygy ulgamyna we taryhy başlangyçlara esaslanar. Bar bolan konstitutsiýanyň ýerine täze jemgyýet konstititutsiýasynyň üstünde işlemek giň gözýetim döreder” diýdi.

“Watan” gazeti “Türkiýe, ABŞ bilen Russiýanyň arasynda gazanylan ylalaşykdan hoşal” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ABŞ bilen Russiýanyň “Strategik ýaraglaryň azaldylmagy hakyndaky ylalaşygyň” möhletiniň 5 ýyl uzaldylmagy boýunça kabul edilen karara öz kanagatlanmasyny bildirendigini aýan edýär. Habarda Daşary işler ministrliginiň metbugat Sekretary Hami Aksoýyň beren ýazmaça beýannamasynda; “Edilen bu möhüm başlangyjyň ýaraglara gözegçilik rejiminiň güýçlendirilmegine we global howpsyzlyk boýunça synaglara garşy göreşe goşant goşmagyny tama edýäris” diýendigine ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “ABŞ: Türkiýe uly potensiala eýe önümçilik merkezi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Türkiýedäki Ilçisi Dewid Satterfildiň ýurdunyň Türkiýe bilen bar bolan düýpli we netijeli söwda gatnaşyklaryna bolan tabynlygyny dowam etidirýändigini, bar bolan söwda gatnaşyklaryny güýçlendirmek isleýändigini aýdandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Şu ýyl Tehnofestde 35 ugurda tehnologiýa bäsleşikleri bar” söz başyly habarynda, dünýäniň esasy awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwaly “Tehnofestiň” dördünjisiniň üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynyň 21-26-sy aralygynda Stambulyň Atatürk adyndaky howa menzilinde gçeiriljekdigini mälim edýär. Festiwala geçen ýyldan tapawutlylykda çylşyrymly süri simulýasiýa, araganaşyk tehnologiýalary, söweşjeň uçarmansyz howa ulagy, emeli intelligent, medeniýet we sungat tehnologiýalary, sürüjisiz oba hojalyk ulaglary, senagatda digital tehnologiýalar bäsleşikleri ilkinji gezek geçiriler.

“Star” gazeti “Bütindünýä bankyndan Türkiýä rekord maýa goýum” söz başyly habarynda, geçen ýyl Türkiýede maýa goýumlar boýunça beýannama beren Bütindünýä bankynyň jemi gymmaty 2,5 milliard dollara barabar bolan 9 sany möhüm galkynyş taslamasy üçin maliýe üpjünçiliginiň berilendigini beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Bütindünýä bankynyň Türkiýe boýunça Direktory Awguste Tano Koumeniň Bütindünýä bankynyň 2021-nji ýylda hem Türkiýänin sosial we ykdysady galkynyşyny dowam etdirmegi üçin gerek bolan goldawyň berilmegine goşandyny dowam etdirjekdigini aýdandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar