Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1576399
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Baýden döwründe Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda ilkinji gatnaşyk” söz başyly habarynda, Prezidentiň metbugat Sekretary İbrahim Kalynyň ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi Jek Sýulliwan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Gazet Jo Baýdeniň iş başyna gelmeginden soň ABŞ bilen Türkiýäniň arasynda ilkinji aragatnaşygyň ýola goýulandygyny, Kalyn bilen Sýulliwanyň telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklaryň başda durmagynda Siriýa, Liwiýa, Gündogar Ortaýer deňizi, Kipr, Owganystan, Ýokary Garabag, Kowid-19 we halkara klimat şertleri meselelerinde pikir alyşylandygyny mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Çawuşogly DKTR-da: Özygtyýarly deňlige esaslanýan gepleşiklere başlanmaly” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar bilen geçiren duşuşygyndan soň beren beýannamasynda: “Bu federasiýa üçin gepleşiklere gatnaşmarys. Sebäplerini düşündirdik. 52 ýylda başa barmady, indi boljagam belli däl. Kipr meselesinde özygtyýarly deňlik esasynda gepleşikler geçirilmeli. Özygtyýarly deňlik bar bolsa, onda iki döwlet hem bolup biler” diýen sözlerine üns çekilýär.

“Star” gazeti “Uly seslenme döretdi! Dünýä isleg bildirýär” söz başyly habarynda, “Karsan” firmasynyň ýolbaşçysy Okan Başyň elektrik togy bilen işleýän we sürüjisiz elektrobus “Karsan Otonom Atak Elektrigiň” Rumyniýa we ABŞ bilen birlikde Türkiýede hem ulanmaga başlanjakdygyny beýan edip; “Türkiýede hem ulanylar, emma ilki Prezidentiň kompleksinde ulanylar” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Ministr Pekjan beýan etdi: Eksportda rekord goýuldy” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň “Ýanwar aýynda eksportymyz geçen ýylyň şol aýyna görä 2 iş güni az bolandygyna garamazdan 2,5 göterim ýokarlama bilen 15,04 milliard dollara barabar boldy. Bu görkeziji ähli döwürler üçin ýanwar aýyndaky iň ýokary eksport mukdary” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Türk howaýollary Ýewropada birinji orny eýelemäge dowam edýär” söz başyly habarynda, Ýewropanyň howa uçuş howpsyzlygy guramassynyň görkezijilerine görä Türk howa ýollarynyň geçen hepde günde ortaça 588 uçuş bilen Ýewropada birinjiligi elden bermändigini mälim edýär.



Degişli Habarlar