Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertbiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1574874
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “F-16-lar üçin işe girişildi” söz başyly habarynda, Türk harby howa güýçleriniň esasy bölegini emele getirýän F-16 harby uçarlarynyň ukybyny ýokarlandyrmak üçin taýarlyklaryň başlandygyny ýazýar. Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň Başlygy İsmail Demir “Her uçaryň 1200-1500 sany konstruktiw şaýyny çalyşmak we kämilleşdirmek üçin inžernerçilik işleri başlaýar. F-16 uçarlarymyzyň konstruktiw ömrüni 8 müň sagatdan 12 müň sagada çykarmagy maksat edinýäris” diýdi.

“Star” gazeti “ABŞ-nyň Guryýer goşunlarynyň žurnaly Atatürk hakynda öwgüli makala çap etdi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Guryýer goşunlarynyň “Militari Rewiew” žurnalynda Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy M.K.Atatürkiň harby liderligi hakynda öwgüli sözleriň ýazylandygyny mälim edýär. Žurnalda kapitan Erik Wendittiniň goly bilen neşir edilen makalada Atatürkiň Çanakgala söweşindäki liderligine üns çekilip, onuň söweşiň möhüm pursatlarynda iňňän ýerlikli kararlar berendigi nygtalýar.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe syýahatçylarda ynam dördýär” söz başyly habarynda, Bütindünýä syýahatçylyk forumy institutynyň baş Sekretary Talep Rifainiň “Türkiýäniň Kowid-19 pandemiýasynda syýahatçylyk pudagynda gören çäreleri syhahatçylarda ynam döredýär. Şol ynam dowam eden halatynda 2021-nji ýylyň 2020-nji ýylda has gowy boljakdygyny pikir edýärin” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň awtoulag bazary 25 Ýewropa ýurdundan öňe geçdi” söz başyly habarynda, 2020-nji ýylda Türkiýäniň Ýewropa ýurtlarynyň arasynda jemi awtoulag we awtoulag satuwynda 6-njy orny, Ýewropanyň söwda ulaglarynyň satuw sanawynda bolsa 4-nji orny eýeländigini mälim edýär. Ýewropada 2020-nji ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende awtoulag satuwyny ýokarlandyran ýurt ýok bolsa, Türkiýe satuwlary ýokarlandyran ýeke-täk ýurt boldy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Kowid-19 kakadylan miwe satuwyny bökdemedi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň koronawirus sebäpli ýitgi çekilen 2020-nji ýylda guradylan miwe eksportynda 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende ýitgi çekmändigini, adamlaryň zaýalanmaýan, uzak möhletde sarp edilmäge amatly harytlar hökmünde kabul edilýän kişmiş, kişde, injir we Antep fystygy ýaly önümlere isleg bildirendigini ýazýar.



Degişli Habarlar