Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1573416
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Türkiýe Egeý deňizinde, Gündogar Ortaýer deňizinde we Kiprde hukuklaryny goramakda ygrarly” söz başyly habarynda, Milli howpsyzlyk geňeşiniň 2021-nji ýylda Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen ilkinji maslahatynda Türkiýäniň Egeýde, Gündogar Ortaýer deňizinde we Kiprde halkara hukukdan gelip çykýan haklaryny goramakda ygrarlydygy nygtaldy. Maslahatdan soň berilen beýannamada: “Sebitimizdäki esasy howplardan biri bolan terror guramalarynyň günorta goňşularymyzyň territoriýalaryndan saplanmagy ugrunda edilýän başlangyçlar seljerilip, meselä degişli bolan ähli halkara taraplary jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmäge çagyryldy” diýilýär.

“Watan” gazeti “Sanjymyň 3,5 million dozalyk ikinji bölegi Stambulda” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hytaýdan satyn alan koronawirus sanjymynyň getirilmäge dowam edilýändigini ýazýar. Gazet sanjymyň 10 million dozalyk mukdarynyň ikinji böleginiň şu gün irden Türkiýä getirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar. Hytaýdan alynjak sanjymyň 3 million dozalyk birinji bölegi 2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda getirilipdi we 14-nji ýanwarda saglygy goraýyş işgärleri sanjymlanmaga başlanypdy. Sanjymyň 10 million dozalyk ikinji tapgyrynyň 6,5 million dozalyk birinji bölegi bolsa 25-nji ýanwar ýekşenbe güni Türkiýä getirilipdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ýerli sanjym has ynamly bolar” söz başyly habarynda, türk alymlarynyň oýlap tapan ýerli sanjymynyň täze görnüş koronawirusa garşy netijesiniň we ynamlylygynyň has ýokary boljakdygynyň beýan edilendigini ýazýar. Türkiýäniň Ylmy we tehnologik barlaglar guramasy TÜBITAK-yň başylygy Hasan Mandalyň ýerli sanjym taýarlyklary hakynda: “Bu sanjymlar daşary ýurtlardakylar bilen birmeňzeş däl, wirusa garşy netijeliligi we ynamlylygy has ýokary sanjymlar bolar” diýdi.

“Star” gazeti “Britaniýa Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmekde ygrarly” söz başyly habarynda, Britaniýanyň Türkiýedäki Ilçisi Dominik Çilkottyň ýrudunyň goranyş senagatynda Türkiýe bilen işleşmekde we goranyş senagaty pudaklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge diýseň kararlydydygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Dünýaniň iň howpsyz şäherleriniň sanawyna Türkiýeden 6 şäher goşuldy” söz başyly habarynda, ylmy barlag firmasy “Numbeonyň” 2020-nji ýylyň iň howpsyz şäherlerini yglan edip, sanawda Türkiýede 6 şäheriň bardygyny aýdandygyny ýazýar. Sanawda Türkiýeden Eskişehir 82,45 bal bilen 8-nji orny eýeleýär. Antalýa, Bursa, Izmir, Ankara, Stambul hem sanawda orun eýeleýän türk şäherleri.



Degişli Habarlar