Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1553820
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Prezident Erdoganyň sanjymlar hakyndaky möhüm beýannamasy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň geçiren metbugat ýygnagynda Hytaýdan alynjak sanjymyň birinji tapgyrynyň täze ýyldan öň gowşurylmagyna garaşýandyklaryny aýdandygyny ýazýar. Gazet Erdoganyň: “Enşalla gysga möhletde öz önümimiz bolan birnäçe sanjymy milletimize ulanmaga hödürläris. Germaniýadan alynjak sanjymlar hem ýanwar aýynda gelip gowşar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Çawuşogly: Türkiýe yzagalak ýurtlaryň hemaýatkärli bolmagynda galýar” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Türkiýäniň halkara platformalarda yzagalak ýurtlary goldaýandygyny beýan edip: “Türkiýe yzagalak ýurtlaryň hemaýatkäri bolmagynda galýar. BMG-de şol ýurtlara goldaw berilmegi üçin döredilen “Dostlar toparynyň” egindeş başlyklygyny ýerine ýetirýär, yzagalak ýurtlara tehnologiýa getirmek üçin döredilen BMG-niň Tehnologiýa banky Gebze welaýatymyzda ýerleşýär” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Star” gazeti “BMG bosgunlaryň ýaşaýan esasy ýurtlarynyň sanawyny çap etdi” söz başyly habarynda, BMG-niň Bosgunlar hakyndaky Ýokary komissarlygynyň dünýäde iň köp bosgun kabul eden 5 ýurduň sanawyny çap edendigini, sanawda Türkiýäniň başda durmagynda Kolumbiýanyň, Pakistanyň, Ugandanyň we Germaniýanyň bardygyny mälim edýär.  

“Ýeni Şafak” gazeti “Dünýäniň iň abraýly sanawyndaky türk firmalarynyň sany 7-ä ýetdi” söz başyly habarynda, türk firmalarynyň milli we ýerli şertlerde goranyş senagatynda öndüren enjamlarynyň daşarky garaşlylygy azaldyp, eksport edilmäge başlanan bolsa, Türkiýäniň pudakda eýe bolan üstünliginiň dünýäniň abraýly goranyş senagaty firmalarynyň sanawy kabul edilýän “Defens Nýus Top 100” sanawyna şu ýyl “HAWELSAN” bilen “FNSS-niň” goşulandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “THÝ täze ýyl hepdesinde Ýewropada iň köp sapar eden kompaniýa boldy” söz başyly habarynda, “EuroControl” tarapyndan taýarlanan habarnamada täze ýyl hepdesinde Türk howaýollarynyň Ýewropa iň köp sapar eden kompaniýa bolandygynyň mälim edilendini ýazýar.



Degişli Habarlar