Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1553042
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Akar: Kanuny nyşana hökmünde kabul ediler” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Liwiýada huntaçy Haftaryň Türkiýe we türk ýaragly güýçleri hakyndaky sözlerine “Bu harby jenaýatçy, ganhor, ýagny rehimsiz Haftar we ýaranlary türk güýçlerine ediljek haýsydyr bir hüjüm synanşygynda ganhor Haftara degişli güýçleriň her ýerde kanuny nyşana hökmünde kabul ediljekdigini bilsinler. Olar türk güýçlerine hüjüm edenden soň gaçara ýer tapmazlar. Şeýlelikde hemmeler akylly bolsun” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Mawy Watan üçin ýerli we milli ýeňil torpeda “ORKA” öndürilýär” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň gönükdirmeginde Deňiz güýçleriniň ýeňil görnüşli torpeda islegini kanagatlandyrmak üçin “324 millimetr Torpeda öndürmek taslamasynyň” başladylandygyny, “ROKETSAN” tarapyndan öndüriljek “ORKA” bilen daşarky garaşlylygyň doly ortadan aýryljakdygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Günorta Kiprli baş Ýepiskop Hrisostomos: Erdogan hakyky watan söýer” söz başyly habarynda, Kipriň günorta böleginiň grek Prawoslaw buthanasynyň baş Ýepiskopy Hrisostomos 2-njiniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça beren beýannamasynda Prezident Erdogan hakynda: “Türk lider Erdogan uzak ýyllaryň dowamynda Türkiýäniň arzan el güýjünden peýdalanan Ýawropadan şu günki günde “ar alýan” hakyky watan söýer” diýendigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Söwda ministri Ruhsar Pekjan buşlady: Eksportda maksada ýetildi” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň sosial media hasaby Twitterden beren habarnamasynda: “2020-nji ýyl üçin eksportumyz 25-nji dekabrda 166 milliard dollardan geçip, maksatnamada göz öňünde tutulan 165,9 milliard dollardan geçdi” diýip ýazandygyna ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Howpsyz Syýahatçylyk şahadatnamasy 2021-nji ýyly ugrukdyrar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň bütin dünýäde “sagdyn we howpsyz dynç alyş” bilen abraý gazanmagyny üpjün eden “Howpsyz syýahatçylyk şahadatnamasy” maksatnamasynyň 2021-nji ýylda-da dowam etjekdigini, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Tanyşdyryş işleri boýunça baş Müdiri Timuçin Güleriň: “Jahankeşdeler ähli zatdan ozal sagdyn we howpsyz syýahatçylyk isleýär. Şeýlelikde Howpsyz Syýahatçylyk Şahadatnamasy maksatnamasy geljek ýyl hem dowam eder” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar