Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1551736
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Türkiýäniň artýan güýji we ukyplary” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň başdan geçirilýän döwründe işjeň syýasat alyp barýandygyny beýan edip: “Siriýa, Liwiýa, Gündogar Ortaýer deňizi, Kipr we Ýokary Garabag ýaly möhüm meselelerde pandemiýa garamazdan ygtyýar biziň elimizde boldy” diýen sözlerini çap edýär. Gazet Çawuşoglynyň Türkiýäniň dünýäde diplomatik tor boýunça dünýäde 5-nji orny eýeleýändigini, ynsanperwer kömekler boýunça bolsa öňbaşçydygyny aýdandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Ankaradan Bagdada ýüzlenme: Degişli çäräni görüň, ýogsam biz göreris” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ekstremist terror guramasy PKK-nyň Yragyn Sinjar sebitinden çykarylmagy boýunça alynyp barylýan işler bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny, Yragyň Premýer-ministri Mustafa Al Kazimynyň Ankara guran sapary hakynda garaýyş beýan eden hormatly dynç alyşdaky general maýor Fahri Ereneliň: “Meniň pikirimçe möhüm sapardy. Men Ankaranyň “Degişli çäräni görüň, ýogsam biz göreris” diýendigini pikir edýärin” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Sanjym ýekşenbe gijesi ýola düşýär” söz başyly habarynda, Koronawirus Ylmy geňeşiniň sanjym we mutasiýa gün tertibi bilen düýn Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň başlyklyk etmeginde maslahat geçirendigini, maslahatdan soň beýannama beren ministr Kojanyň: “Hytaý sanjymynyň türk raýatlaryna peýdalydygyny kesgitledik. Hytaý sanjymy türk raýatlaryna 91,25 göterim peýdaly boldy” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “BioNtech” sanjymynyň şertnamasynyň detallary belli boldy” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň türk alymlary Ugur Şahin bilen Özlem Türejiniň ýolbaşçylyk edýän “BioNtech” firmasy bilen Amerikanyň derman firmasy “Pfizeriň” öndüren sanjymynyň Türkiýä getiriljekdigini beýan edip, mart aýynyň ahyryna çenli 4,5 million doza sanjymyň Türkiýä getirilmegi hakynda şertnama şu gün ýa-da ertir gol çekişiljekdigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Milliard dollarlyk altyn ätiýajy” söz başyly habarynda, Bilejik welaýatynyň Sögüt etrabynda 46 milliard dollar gymmaty bolan 3,5 million onzluk altyn ätiýajynyň tapylandygyny, altynyň çykarylmagy üçin degişli taýarlyklaryň başlandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar