Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1551076
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdoganyň ABŞ-na we ÝB-ne ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ABŞ we ÝB bilen 2021-nji ýylda gatnaşyklarda täze sahypa açjakdyklaryny beýan edendigini ýazýar. Habarda ÝB-niň Türkiýäni özünden çetleşdirýän strategik körlükden el çekmegine garaşýandužkarubu, ABŞ-nyň täze prezident Jo Baýdeniň bolsa Türk-Amerikan gatnaşyklaryna ünsli çemeleşjekdigine ynanýandyklaryny beýan eden Erdogan: “Öňümizdäki döwürde türk daşary syýasatynda-da Türkiýäniň çarpaýa galyş döwri bolar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “ “Oruç Reis” Gündogar Ortaýer deňiziniň suw giňişliginde” söz başyly habarynda, seismiki barlag gämisi “Oruç Reisiň” Gündogar Ortaýer deňizindäki işlerini dowam etdirmek üçin Antalýa portunda ugrandygyny, Demre etrabynyň kenarlaryndaky 2D görnüşli seismiki barlaglaryny tamamlap, 30-njy noýabrda Antalýa portuna dolanyp gelen gäminiň abatlaýyş işleri gutardy, ýangyç ätiýajy giderilden soň 2021-nji ýylyň 15-nji iýunyna çenli dowam etjek Nawteks üçin Antalýa portundan ýola düşendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýäniň esasy harby gämisiniň gurluşyk işleri dowam edýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň iň uly harby gämisi “TJG Anadolunyň” geljek ýyl ulanmaga beriljekdigini mälim edýär. Uzynlygy 232 metr, ini 32 metr boljak “TJG Anadolunyň” harby uçar, dik uçar we uçarmansyz howa ulagy ýaly 30 sany howa ulagyny götermäge ukyply bolar. Ägirt uly gämi gerek bolan halatynda müňe golaý adama lukmançylyk kömegini berip biler we ynsanperwer kömek operasiýalarynda hassahana gämisi hökmünde ulanylmaga ukyply bolar.

“Sabah” gazeti “Ýerli litiý batereýalar öndürilýär” söz başyly habarynda: “Dünýäde gibrid awtoulaglar giňden ýaýbaňlanýarka, şol ulaglaryň batereýalarynda peýdalanylýan litiý elementine bolan islegiň ýokarlandygyny, planşet kompýuterlerde, telefonlarda we mobil enjamlarda batereýa önümçiliginde peýdalanylýan litiý, ýerli awtoulagyň batereýasynda hem peýdalanylar. Eskişehir ETİ Magdan Synag Litiý Önümçilik Desgasynyň şenbe günki açylyşy Prezident R.T.Erdoganyň gatnaşmagynda dabara bilen ediler” diýip ýazýar.

“Watan” gazeti “ÝB-den Türkiýä 485 million ýewro bosgun goldawy” söz başyly habarynda, ÝB Komissiýasynyň 2021-nji ýylda Türkiýedäki bosgunlara goldaw bermek üçin iş ýüzüne geçirilýän taslamalara 485 million ýewro goşant goşjakdygyny beýan edendigini, beriljek maliýe goldawy bilen 1,8 million bosgunyň islegleriniň kanagatlandyryljakdygyny ýazýar.



Degişli Habarlar