Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara gündelik gazetlerde giň orun berýärler

1547039
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan ABŞ-na sanksiýa sebäpli berk reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn beren beýannamasynda ABŞ-nyň Türkiýä goýan sanksiýalary hakynda durup geçip: “ABŞ-nyň sanksiýalary yglan edildi. Aç-açan aýdasym gelýär. 2017-nji ýyldan bäri “Duşmanlara sanksiýalar arkaly göreşmek hakyndaky kanunuň” çäginde haýsydyr bir ýurda sanksiýa goýulmady. İlkinji gezek NATO agza döwletlerden bizin ýurdumyza goýuldy. Bu nähili hyzmatdaşlyk, bu nähili ýaranlyk” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Daşary işler ministr Çawuşogly: PKK-nyň Yrakdan saplanmagy üçin goldaw bereris” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň düýn Yragyň Daşary işler ministri Fuad Huseýin bilen geçiren duşuşygyndan soň bilelikdäki metbugat ýygnagynda terror guramasy PKK-nyň ähli zatdan ozal kürtlere duşmandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Gazet Çawuşoglynyň: “Terror guramasy PKK-dan Yragyň dolulygyna saplanmagy üçin Türkiýe elinden gelen goldawy berer” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Ýutubyň garaşylmadyk Türkiýe karary” söz başyly habarynda, Ýutubyň Türkiýede ýerli kanuny şahsyýet wekilini bellemek boýunça işe girişmek hakynda karar kabul edendigine ünsleri çekýär. Ýutubdan berilen beýannamada firmanyň aç-açanlyga, söz azatlygyna we maglumatyň elýeterliligine goýýan sarpasyny dowam etdirip, iş alyp barýan ýurtlaryndaky ýerli kanunlary hem-de düzgünnamalary berjaý etmek üçin elmydama ünsli çemeleşendigi nygtalýar.

“Watan” gazeti “Türkiýänin möhüm göçümi” söz başly habarynda, Harby elektronika senagaty (ASELSAN) bilen ýerli howa goranyş raketa ulgamy HİSAR-A+-nyň inwentara goşulmazdan ozalky kabul ediş synagynyň geçirilendigini, Goranyş senagaty edarasynyň Twitter hasabyndan ýaýradylan wideo ýazgyda TÜBİTAK SAGE tarapyndan öndürilip, harby uç bilen edilen atyşda, ýokarky tizlikli uçaryň uzak aralykda üstünlik bilen urlup düşürilendigi beýan edilýär.

“Star” gazeti “Kowid-19 sanjymyny oýlap tapan Professor Şahin we Türeji “Ýylyn Şahsyýeti Baýragyna” laýyk görüldi” söz başyly habarynda, “Faýneýşel Taýms” gazetiniň Kowid-19 sanjymyny oýlap tapan nemes biotehnologiýa firmasy “BioNtechiň” esaslandyryjylary Prof.Dr. Ugur Şahin bilen Özel Türejini “Ýylyň Şahsyýeti” diýip, saýlandygyny ýazýar. Habarda Britaniýada çap edilýän gazetiň Ugur Şahin we Özlem Türeji hakynda “Maşgala bir ýyldan az wagtda Kowid-19 sanjymyny oýlap tapyp, adatdan daşary ylmy we söwda üstünligini gazandy” diýip ýazýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar