Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1544948
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Türkiýe Gündogar Ortaýer we Egeý deňizlerindäki hukuklaryny goramakda ygrarly” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginden berilen beýannamada Türkiýäniň halkara hukugynyň we hoş niýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň tarapynda durýandygy nygtalyp, “Türk ýaragly güýçleri Egeýde, Gündogar Ortaýer deňizinde ýurdumyzyň we Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň hukuklaryny, gatnaşyklaryny we bähbitlerini goramaga, Kipr adasynda halkara hemaýatkärlik we hyzmatdaşlyk şertnamalaryna laýyklykda parahatçylygy hem-de howpsyzlygy kepillendirmäge dowam edýär” diýilýändigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Garabagda dikeldiş döwri” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Mejlisiniň Türkiýe-Azerbaýjan Parlamentara Dostluk toparynyň Başlygy Şamiş Aýrymyň 30 ýyl ermenileriň gabawynda bolan Garabagda infrastruktura, ýaşaýyş jaýy, mekdep, kitaphana, metjit we buthana ýaly binalaryň galmandygyny, ählisiniň Ermenistan tarapyndan ýykylyp-ýumrulandygyny beýan edip; “Bular türk firmalary tarapyndan gurlar. Täze ilatly ýerler gurlar, infrastruktura bina ediler” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Türkiýe elmydama Azerbaýjanyň ýanynda durdy” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň Diaspora Döwlet komitetiniň Başlygynyň orunbasary Elşad Aliýewiň Ermenistan bilen bolan söweşiň dowamynda Türkiýäniň diasporasy bilen bilelikde dünýäniň dürli ýurtlarynda birnäçe çäre geçirendiklerini beýan edip: “Tas ähli çärelerimizde Türkiýe biziň ýanymyzda durdy” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Tunise uçarmansyz howa ulagy eksport ediler” söz başyly habarynda, “Türk awiasiýa we kosmos senagaty” firmasynyň Tunisin Harby howa güýçlerine 80 million dollarlyk 3 sany “ANKA” uçarmansyz howa ulagyny we 3 sany Ýer gözegçilik ulgamyny berjekdigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Dubai-Stambul gatnawy 9 aý soň ýaňadandan başlar” söz başyly habarynda, koronawirus epidemiýasy sebäpli 9 aýlyk arakesmeden soň Dubaiden Stambula uçar saparlarynyň başlanjakdygynyň habar berilendigini ýazýar. Gazet Merkezi Dubaide ýerleşýän “Flaýdubai” kompaniýasynyň beren beýannamasynda Dubai-Stambul Sabiha Gökçen howa menziliniň gatnawynyň 17-nji dekabrda açyljakdygyny mälim edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar