Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1543699
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdogandan Ermenistana ýüzlenme” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýannamasynda, sebitara parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin 6-ly platforma döredip biljekdiklerini nygtap “Russiýa-Türkiýe-Azerbaýjan-Eýran-Gruziýa we eger kabul etse Ermenistan hem bu platformada ýer alyp biler. Bu meselä oňyn çemeleşilen halatynda biz hem ýapyk gapylarymyzy açarys. Ermeni halky bilen däl eýsem ermeni hökümeti bilen käbir kynçylyklar başdan geçirilýär. Meniň ýurdumda ýüz müňlerçe ermeni raýatymyz bar” diýen sözlerine ýer berýär.

“Ýenişafak” gazeti “Aliýew: Türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglary Azerbaýjanyň ýeňişinde uly rol oýnady” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Prezident Erdogan bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýannamasynda, Türkiýäniň senagat pudagynyň uly ösüş edendigine ünsi çekip, “Watan söweşimizde Türkiýede öndürlen Baýraktar ýaragly uçarmansyz howa ulaglary uly goldaw berdi. Baýraktar, biziň ýeňişimizde uly rol oýnady. Bütindünýä  türk halkynyň zehinini we ukubyny, türk senagatynyň ýeten sepdigini ýene-de bir gezek gördi” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti, “Türkiýäniň dördünji senagat ynkylaby önümleriniň we tehnalogiýalarynyň esasy merkezlerinden biri bolmagyny maksat edinýäris” söz başyly habarynda, Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warankyň, Türkiýäniň dördünji senagat ynkylaby merkeziniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda “Türkiýäniň dördünji senagat ynkylaby önümleriniň we tehnalogiýalarynyň esasy merkezlerinden biri bolmagyny maksat edinýäris” diýendigini ýazýar.

“Habertürk” gazeti, “Hande Küden Berlin Filarmoniýasyna kabul edilen ilkinji türk boldy” söz başyly habarynda skripkaçy Hande Küdeniň, Berlin Filarmoniýa orkestryna agzalygyna kabul edilendigini nygtaýar. 28 ýaşyndaky Küden Berlin Filarmoniýa orkestryna kabul edilen ilkinji türk skripkaçy boldy.



Degişli Habarlar