Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1542217
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Prezident Erdogan Aýasofiýa metjidine hatdatlyk kartinasyny sowgat etdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Stambulda 86 ýyl soň ybadada açylan Aýasofiýa Kebir metjidine hatdatlyk kartinasyny sowgat edendigini ýazýar. Gazet hatdat Mehmet Özçaý tarapyndan çekilen kartinada soňky mukaddes kitap bolan Gurhanyn Ali Imran süresinin 159-njy we 160-njy aýatlarynyň ýazylgydygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň ÝB hakyndaky beýannamasy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň düýn Wengriýanyň Daşary işler ministri Peter Szižžarto bilen geçiren duşuşygyndan soň beren beýannamasynda ÝB-gi bilen bolan düşnüşmezlikleriň dialog we diplomatiýa arkaly çözülip bilinjekdigini nygtap, Gresiýa bilen bagly meselelerde ÝB-niň adalatly töwellaçylyk etmelidigini aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “Ömer Çeligiň möhüm beýannamalary” söz başyly habarynda Adalat we ösüş partiýasynyň Metbugat sekretary Ömeriň Çeligiň partiýanyň Merkezi karar dolanşyk geňeşiniň maslahatyndan soň beren beýannamasynda Fransianyň Ýokary Garabag Respublikasyny ykrar etmegine berk reaksiýa bildirip: “Fransiýa Garabagyň garaşsyzlygyny ykrar edýär. Ýokary Garabag Respublikasynyň ykrar etmek diýmek, şol ýeriň basylyp alynmagyny kabul etmek diýmekdir. BMG-niň kararlaryna hem garşy durmakdyr” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Ministr Warank Türkiýä maýa goýum ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň düýn paýtagt Ankarada geçirilen Türkiýe-Wengriýa Bilelikdäki Ykdysady Toparyň 7-nji maslahatynda Türkiýä ynanyp maýa goýanlaryň garaşýanyndan artykmajyny gazanmagyna şert döredýän täze tapgyryň başlandygyny beýan edip: “Biziň üçin daşary ýurtly maýadar ýok, telekeçi bar. Geliň türk myhman söýerligi bilen tanyş boluň, Türkiýede maýa goýuň” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Türk alymlary dizaýn etdi. Sinopdan älem giňişligine uçuryldy we tabşyryklary ýerine ýetirip yzyna dolandy” söz başyly habarynda, Orta Gündogar Tehniki Uniwersitetiniň türk alymlary tarapyndan dizaýn edilen radiasiýa tehnologiýasynyň älem giňişliginde degişli barlaglary geçirip, dünýä dolanyp gelendigini mälim edýär. Şeýlelikde Türkiýede ilkinji gezek öndürilen radiasiýa ölçeýjisiniň “Roket Sanaýii we Tijaret Anonim Şirketi”  tarapyndan Sinop synag merkezinden uçuran “Sonda Raketasy 0.1” bilen uçurylyp, tabşyryklary berjaý edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar