Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1529137
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Çawuşoglunyň telefon diplomatiýasy, mowzuk: Garabag” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň düýn Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, Ýokary Garabag meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny ýazýar.

“Watan” gazeti “Ministr Pekjan: Başga bazarlar üçin tagallamyz dowam eder” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň düýn “İndoneziýanyň Wirtual umumy söwda wekiliýeti” atly maslahata wideo konferensiýa arkaly gatnaşyp, “Harytlarymyzy elmydama we her şertde dünýäniň her bir bazaryna ýetirmegi hak edýäris. Harytlarymyza, eksport potensiallarymyza we bäsleşik güýjümize ynanýarys” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Ýenil awtoulag eksportunda ýurtlaryň sany artdy” söz başyly habarynda, Türkiýeden ýanwar-okýabr aýlarynyň aralygynda 7,5 milliard dollara barabar ýeňil awtoulag eksporty edilen bolsa, 100 milliondan ýokary satuw edilen ýurtlaryň sanynyň 16-a ýetendigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti “ “Fatih” we “Kanuni” Gara deňizde ençeme başlangyçlar eder” söz başyly habarynda, “Fatih” burawlaýyş gämisiniň Türkiýäniň açyk deňizlerdäki ilkinji analiz guýusy Türkali-1-de işlerini tamamlamagyndan soň, “Kanuniniň” gämiçilik, buraw platformasy we tehniki hyzmatlary Türkiýe nebitleri paýdarlar jemgyýeti tarapyndan berilýän ilkinji türk burawlaýyş gämisi hökmünde Gara deňizdäki işine girişjekdigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Gladiatorlar şäherine syýahatçylar uly isleg bildirýär” söz başyly habarynda, Mugla welaýatynyň Ýatagan etrabynda “Gladiatorlaryň şäheri” atlandyrylýan antiki Stratonikeia şaherine pandemiýadan soň başlan “täze adaty” atlandyrylan döwürden şu günki güne çenli Britaniýadan, Russiýadan, Polşadan we Germaniýadan gelen 40 müň syýahatçynyň gezip görendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar