Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1481988
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdogan: “Gündogar Ortaýer deňizinde şantaž diskursyna boýun egmeris” söz başysyny saýlap alýar. Gazet 30-njy awgust Ýeňiş baýramynyň 98-nji ýyllyğy mynasybetli paýtagt Ankarada Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy M.K. Atatürkiň aramgähi Anytkabirde geçirilen dabara gatnaşyp, ýatlama kitapçasyna ýadygärlik sözlerini ýazan Prezident Erdoganyň: “Türkiýe esasanda Gündogar ortaýer deňizinde abaý-syýasat, wehim salma we şantaž diskursyna boýun eğmez. Halkara hukugyndan we özara ylalaşyklardan gelip çykýan hukuklaryny goramaga dowam eder” diýip ýazandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Ministr Akaryň ygrarlylyk ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Ýeňiş baýramy mynasybetli beren ýüzlenmesinde: “Gahryman türk ýaragly güýçleri düýn bolşy ýaly şu günki günde-de watanymyzy, milletimizi, milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, halkara hukuklarymyzy we bähbitlerimizi haýsy şertlerdedigine garamazdan goramakdan gaýra durmaz, oňa güýji ýeter” diýendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Prezident Erdogan buşlady! Synaglara başlaýarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň “Roketsan Kosmos Ulgamlary we Ýokary Tehnologiýalar Merkezi” bilen Partlaýyjy çig mal önümçilik desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny mälim edýär. Gazet Prezident Erdoganyň dabarada sözlän sözünde: “Milli şertlerde öndürilen suwk ýangyçly raketa hereketlendiriji tehnologiýanyň ilkinji kosmiki synaglaryna başlajakdygymyzy buşlamak isleýärin” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “ATMAJA” üçin wagt kesgitlendi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdogan tarapyndan “Dünýäde ýerli şertlerde öndürmegiň hötdesinden gelen 5 ýurtdan biri biz” diýlip buşlanan, Türkiýäniň ilkinji ýerli deňiz raketasy “ATMAJA-nyň” ýylyň ahyrynda Türk ýaragly güýçleriniň inwentaryna goşuljakdygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Aýhanjan Güwen Belgiýada birinji boldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň başarjaň motosikl sürüjilerinden biri bolan Aýhanjan Güweniň “Porşe Mobil 1 Superkub 2020-niň” ýediji bäsleşigini birinjilik bilen tamamlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

 



Degişli Habarlar