Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1479952
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Prezident Erdogadan berk reaksiýa" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň düýn Muş welaýatynda Malazgirt ýeňşiniň 949-njy ýylynda geçirilen dabarada eden çykyşynda: "Gorkynyň ajala peýdasy ýok. Türkiýe Ortaýer deňizdede, Egeý we Gara deňizdede hakyny alar. Şonuň üçin syýasy, ykdysady, harby taýdan näme edilmeli bolsa etmekde tutanýerlidiris. Söhbeteşlerimize özlerine üns bermäge, weýran bolmaklaryna sebäp boljak ýalňyşlardan uzak durmaga çagyryş berýäris" diýendigini habar berýär. 

Haber Türk gazedi: "Antalýa 3 günde 100 müň syýahatçy geldi" söz başyly habarynda, Syýahatçylyk pudagynyň ýaňadandan janlanmaga başlanmagy bilen Antalýa daşary ýurtlardan 3 günde 510 uçar bilen 100 müň ýolagçynyň gelendigini mälim edýär. Antalýa howa menziliniň Baş direktory Deniz Warol: "Örän möhüm bir görkeziji. Daşary ýurt uçar saparlary bilen şu ýylyň başyndan bäri 1 million 300 müň ýolagçynyň Antalýa gelendigini gördük. Bu görkezijiniň ýarsy diýen ýaly awgust aýynda amala aşdy" diýip belledi. 

Watan gazedi: "Russiýadan Türkiýä bilelikde dikuçar önümçiligine açykdyrys ýüzlenmesi" söz başyly habarynda, Rus döwlet goranyş senagaty firmasy “Rostehiň” Russiýa dik uçarlary edarasynyň baş Müdiri Andreý Boginskiý Moskwada geçirilen “Armiýa-2020” çaresinde Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda dik uçar öndürmek boýunça “Anadoly” habarlar gullugyna beýannama berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda tehnologiýa we önümçilik pudaklarynda hyzmatdaşlyk edilmelidigini nygtan Boginskiý: “Biz Türkiýe bilen dik uçar tehnologiýalary we önümçiligi boýunça hyzmatdaşlyga açyk. Mesele bazar we öndüriljek önümleriň geljegi bilen bagly. Biz pudak boýunça hyzmatdaşlygy seljermäge taýar” diýdi.

Star gazedi: "Halkara Pul Gaznasyndan türk ykdysadyýetçä ýokary wezipe" söz başyly habarynda, Halkara Pul Gaznasynyň Strategiýa, syýasat we gözden geçiriliş bölüminiň başlyklygyna türk ykdysadyýetçi Jeýla Pazarbaşoglynyň bellenendigini aýan edýär. Halkara Pul Gaznasyndan berilen beýanatda, Jeýla Pazarbaşoglynyň wezipesine 15-nji sentýabrda başlajakdygy mälim edildi. 

Sabah gazedi: "Küllüobada 5 müň ýyllyk reňk palitrasy tapyldy" söz başyly habarynda, Eskişehir welaýatynyň Seýitgazi etrabynda 1996-njy ýyldan bäri dowam edýän Küllüoba gazuw agtaryş işlerinde, daşdan ýasalan 5 müň ýyllyň reňk palitrasynyň tapylandygyny beýan edýär. Reňk palitrasynyň gap-çanaklaryň boýalmagy üçin ulanylandygy çak edilýär. 



Degişli Habarlar