Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1479273
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Türkiýe Gündogar Ortaýer deňizinde harby tälim geçirdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň, ýurdyň Harby-deňiz güýçlerinden 2 fregat bilen 1 Italiýan esmines gämisi tarapyndan Gündogar Ortaýer deňizinde harby tälimiň geçirilendigini aýdandygyny habar berýär. Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda: "TJG Göksu we TJG Fatih fregatlary bilen Italiýanyň esmines gämisi ITS Durand de la Penne tarpyndan 25-nji awgustda, Gündogar Ortaýer deňizinde bilelikdäki hyzmatdaşlygyň we koordinasiýanyň özgerdilmegi maksady bilen harby tälim amala aşyryldy" diýip habar berildi. 

Hürriýet gazedi: "Ministr Dönmez: Aýan edilen tebigy gazyň mukdaryny gaýtadan gözden geçireris" söz başyly habarynda, Energetika we tebigy çeşmeler ministri Fatih Dönmeziň, Gara deňizde tapylandygy aýan edilen 320 milliard kub metr tebigy gazyň mukdaryny gaýtadan gözden geçirjekdiklerini aýdandygyny mälim edýär. Dönmez: "Anyklaýyş guýularyny açyp has anyk görkezjilere eýe bolarys. Baý bir meýdan, ilkinji tapyndylar şony görkezýär" diýip belledi. 

Star gazedi: "Türkiýäniň edenini edip biljek örän az ýurt bar" söz başyly habarynda, Merkezi Dubaýda ýerleşýän nebit maýa goýum konsalting kärhanasy "Hormuz Straits Partnership"-iň direktory Serkan Şahiniň, Gara deňizde tapylan 320 milliard kub metr tebigy gaz ätiýajynyň Türkiýe üçin bir başlangyçdygyny aýdandygyny beýan edýär. Serkan Şahin: "Türkiýäniň Nebitleri Anonim hyzmatdaşlygy kärhanasy, 2 müň metr çuňlukdaky buraw işlerini 1 aý ýaly gysga bir möhletde amala aşyrmagy bazarda tolgunma döretdi, dünýäde muny etmek mümkinçilige eýe bolan az ýurt bar. Bu üstünlik, soňy bilen Türkiýäniň uglewodorod gözleg işlerini hem çaltlandyrar" diýip nygtady. 

Sabah gazedi: "Berat Albaýrak: Hiç kim Türkiýäniň bilegini büküp bilmez" söz başyly habarynda, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýragyň: "Biz güýjümizi bu ýurt üçin işleýän, öndürýän, ynanan, goldaw berýän millionlardan alýarys. Awgust aýynda real pudagynyň ynam indeksi 106,2 göterim, hyzmatlar pudagynyň ynam indeksi 70,5 göterim, bölekleýin söwda pudagynyň ynam indeksi 94,9 göterim boldy. Ulanyş kuwwady bolsa 73 göterime çenli ýokarlady. Hiç kim bilegimizi büküp bilmez" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "Formula 1 ýaryşlary ýaňadandan Stambulda" söz başyly habarynda, Stambulyň 2020-nji ýylyň "Formula 1 Dünýä Çempionatynyň" 14-nji tapgyryna ýer eýeçiligini etjekdigini aýan edýär. Soňky gezek 2011-nji ýylda "F1" ýaryşynyň geçirilen "Stambul Park" ýolunda, 13-15-nji noýabr aralygynda "Formula 1 Stambul Grand Pri" ýaryşy geçiriler. 


Etiketkalar: #metbugat , #Türkiýe , #gazet

Degişli Habarlar