Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1478693
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdogan: “Gresiýanyň edýäni läliksiremek” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Gresiýanyň Nawteks yglan etmeginiň sebitde iş alyp barýan ähli gämileriň kenarýaka we syýahat howpsyzlygyna wehim salýan läliklikdigini aýdandygyny ýazýar. Gazet Erdoganyň: “Mundan beýläk sebitde ýüze çykjak dartgynlygyň ýeke-täk sebäpkäri Gresiýa, zyýan çeken tarap hem ýene şol ýurt bolar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Erdogan tebigy gaz boýunça Ortaýer deňizinde-de buşlukly habar geler” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Gara deňizde 320 milliard m3 tebigy gazyň tapylmagyndan soň Ortaýer deňizinde-de hem buşlukly  habara garaşýandyklaryny aýdandygyna ünsleri çekýär. Gazet Erdogan “Oruç Reis” gämisiniň we oňa ýoldaşlyk edýän deňiz güýçlerine degişli gämileriň işleriniň egilşiksiz dowam etjekdigini aýdandygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Türkiýe Gresiýa degişli gaýtawuly görkezýär. Harby gämiler ýola düşýär” söz başyly habarynda, Gresiýanyň “Oruç Reis” gämisiniň barlag zolagynda türgenleşik geçirjekdigini beýan etmeginden son Türkiýäniň dessine reaksiýa bildirendigini, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň resmi Afynynyň kabul eden kararynyň dartgynlygy artdyrjakdygyny nygtap, Türkiýäniň Ortaýer deňizindäki işleriniň kanunalaýykdygyny belläp: “Bize berilen görkezmeleri şu günki güne çenli gyşarnyksyz berjaý etdik. Mundan beýläk hem berjaý etmäge dowam ederis” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Gara deňizde uly tebigy gaz ätiýajy bar” söz başyly habarynda, Prezidentiň metbugat Sekretary İbrahim Kalynyň Türkiýäniň Gara deňizdäki Sakarýa gaz giňişliginde 320 milliard m3 tebigy gaz ätiýajyny tapmagyny başlangyç hökmünde häsýetlendirip: “Tehniki hünärmenlerimiz bize has uly ptensialyň bardygyny aýdýarlar. Gözleg we burawlaýyş işleri şol bir wagtda dowam eder” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “İýul aýynda syýahatçylykda uly ösüş” söz başyly habarynda, Türkiýä iýul aýynda gelen syýahatçylaryň sanynyň iýun aýy bilen deňeşdirilende 4 esseden gowrak ýokarlap, 214,768 adamdan 932,937 adama ýetendigini mälim edýär.



Degişli Habarlar