Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1475995
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Sabah” gazeti “Erdogan: Gündogar Ortaýer deňizinde basyşlara boýun egmeris diýdi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň  düýn paýtagt Ankarada, Paýtagt Guramaçylykly Senagat zolagynda “Kalýon Gün energiýasy tehnalogiýalary fabiriniň” açylyş dabarasynda eden çykyşynda, Türkiýe Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde edilýän basyşlara asla boýun egmeris” diýendigini ýazýar.

“Watan” gazeti, Wise-prezident Fuat Oktaýyň, Bütindünýä ýnsanperwer kömek güni  mynasibetli Twitterden beren habarnamasynda, berýän ynsanperwer kömekleri taýdan lider ýurt bolan Türkiýäniň dünýäde biçare halklara umyt bolandygyna ünsi çekendigini belleýär.

“Hürriýet” gazeti, “Çawuşoglu Stoltenberg bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň telefon arkaly Gündogar Ortaýer deňizinde we Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygyny nygtaýar.

“Star” gazeti, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň, Türkiýäniň hiç kimiň hukugynda we malynda gözüniň ýokdygyny nygtap “Hiç kim hem biziň ygtyýarymyza göz dikmesin. Esasan Gresiýa soňky döwürde ÝB ýaly käbir daşarky güýçleriň goldaw bermeginde özüni mamla görkezmäge çalyşýar. Emma biz BMG-nyň halkara deňiz hukugyna laýyklykda hereket edýäris” diýen sözlerine ýer berýär.

“Haber Türk” gazeti, BAÝKAR tarapyndan ýerli we milli mümkinçilikler bilen öndürlen Baýraktar AKYNJY TIHA-nyň ýagny uçarmansyz howa hüjüm ulagynyň ikinji synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny ýazýar.

Gazet, TIHA-nyň ikinji synag uçuşynda 6,1 kilometre belentlikde 2 sagat 26 minut howada galandygyny belleýär.

 

 

 

 



Degişli Habarlar