Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1475522
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Ömer Çelikden Baýdeniň sözlerine reaksiýa" söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çeligiň, düýn partiýasynyň Merkezi Karar dolanşyk geňeşiniň gün tertibi bilen baglanşykly beýanat berendigini habar berýär. ABŞ-da geçiriljek Prezident saýlawyna dalaşgär bolan Jo Baýdeniň, sözlerine reaksiýa bildiren Çelik: "Baýdeniň sözleri sözüň doly manysynda agdarlyşykdyr. Hiç kim demokratiýamyzy elimizden alyp bilmez, demokratiýamyzy ýumuryp bilmez, hiç kim syýasy ulgamymyza goşulyp bilmez" diýip belledi. 

Hürriýet gazedi: "Albaýrak: "Türkiýe ykdysady garaşsyzlygyny bütin dünýä görkezdi" söz başyly habarynda, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýragyň, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Türkiýäniň çeşmeleri we öndürýän energiýasy bilen, ykdysady garaşsyzlygyny bütin dünýä görkezendigini aýdandygyny mälim edýär. 

Sabah gazedi: "TOGG-yň dizaýny ÝB-e agza 27 ýurtdan we Hytaýdan soň, indi bolsa Ýaponiýada hasaba alyndy" söz başyly habarynda, TOGG-yň dizaýnlarynyň ÝB-e agza 27 ýurtdan we Hytaýdan soň, indi bolsa Ýaponiýada hasaba alynandygyny aýan edýär. TOGG-yň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Ýaponiýanyň Patent ofisi, ulagyň C-SUV we Sedan görnüşlerini Ýaponiýada TOGG-yň adyndan hasaba aldy" diýip habar berildi. 

Star gazedi: "Türkiýäniň orbitadaky gözi Rasat 9-njy ýylynda" söz başyly habarynda, TÜBITAK-yň Kosmos tehnologiýalary instituty tarapyndan özgerdilen we öndürilen, Türkiýäniň ilkinji ýerli gözegçilik emeli hemrasy RASAT-yň, orbitada eýýäm 9 ýyl bäri gözegçilik geçirýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Watan gazedi: "Lion Altaýdan Jenk Özkaçary aldy" söz başyly habarynda, Fransiýanyň Lion futbol komandasynyň Altaý toparyndan futbolçy Jenk Özkaçary alandygyny mälim edýär. Lion tarapyndan berilen beýanatda, 19 ýaşyndaky futbolçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşylandygyny aýan etdi. 


Etiketkalar: #orbita , #TOGG , #Türkiýe , #dünýä , #gazet

Degişli Habarlar