Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1317268
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan liderlere “Strategik hyzmatdaşlygyň güýçli agzasy Türkiýe” kitabyny sowgat etdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň NATO-nyň Döwlet Ýolbaşçylarynyň derejesindäki maslahatyna gatnaşmak üçin resmi sapar bilen Britaniýa baradandygyny, paýtagt Londonda geçirilen Siriýa temaly Dörttaraplaýyn maslahatda Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan dört dilde çap edilen “Strategik hyzmatdaşlygyň güýçli agzasy Türkiýe” atly kitaby Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkele, Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonsona we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona sowgat edendigini ýazýar. Gazet türk, iňlis, fransuz we nemes dillerinde çap edilen kitapda Türkiýäniň NATO agzasy ýurt hökmünde goşan goşantlary we berjaý eden wezipeleri hakynda giňişleýin maglumat berilýändigine ünsleri çekýär.

“Watan” gazeti “Latwiýadan Türkiýe ynam ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Latwiýanyň Daşary işler ministri Linas Linkewikusyň ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň howp hökmünde kabul edilýän meýilnama garşy durmagy sebäpli Türkiýäniň NATO-nyň Baltika ýurtlary boýunça goranyş maksatnamasyny tassyklamazlygy meselesinde Türkiýä doly ynanýandyklaryny, meseläniň çözülmegi üçin goşmaça üýtgetmeleriň üstünde işleýändiklerini aýdandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Katar Türkiýä ýene-de 7 milliard dollarlyk maýa goýar” söz başyly habarynda, Kataryň Maliýe merkeziniň başlygy Ýousuf Al-Žaidanyň ýurdunyň Türkiýede maýa goýumlaryny dowam etjekdigini aýdandygyny ýazýar. Gazet diňe bir bank ulgamynda däl, emläk pudagynda 10 milliard dollarlyk kepillendirmäniň 35 göterimini amala aşyrandyklaryny aýdan Žaidanyň: “Türkiýä geljek ýene-de 7 milliard dollar bar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Stambul dünýäde iň halanýan metropollardan biri” söz başyly habarynda, iňlis marketing guramasy “Ýewromonitor İnternasional” tarapyndan “dünýäde iň halanýan metropollaryň sanawynyň” çap edilendigine ünsleri çekýär. Habarda metropollaryň sanawynda Stambulyň hem özüne orun tapýandygy, şähere gelýän daşary ýurtlularyň sanynyň 25,2 göterim ýokarlap, 14,4 milliona barabar bolandygy nygtalýar.

“Star” gazeti “Türkiýe Halal sergisine 50 ýurt gatnaşdy” söz başyly habarynda, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň alyp barýan işleriniň çäginde noýabr aýynyň 28-i bilen dekabr aýynyň 1-i aralygynda geçirilen ýeke-täk halal sergisi bolan Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Halas sergisiniň 7-njisiniň Stambulyň Awrasýa sungat merkezinde geçirilendigini ýazýar. Gazet sergä şu ýyl 40 müňden gowrak adamyň gelip görendigini, 75 ýurtdan wekiliýetleriň gelendigini we 50 ýurduň harytlarynyň tekjelerde halkyň dykgatyna hödürlenendigini ýazýar.



Degişli Habarlar