Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan bilen Putin 8-nji ýanwarda Stambulda duşuşar” söz başyly habarynda, Russiýanyň Prezidentiniň Diwanyndan berilen beýannamada Prezident R.T.Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň 8-nji ýanwarda Stambulda duşuşjakdygynyň habar berilendigini ýazýar. Gazet Kremliň Metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň Putin bilen Erdoganyň ýanwar 2020-nji ýylyň aýynda rus gazyny Gara deňiziniň we Türkiýäniň üsaşyr Ýewropa akdyrjak Türk Akymy tebigy gaz turba geçirijisi açmagy meýilleşdirýändigini beýan edendigini ýatladýar.

“Watan” gazeti “Türkiýäni Ortaýer deňzinde Liwiýa goňşy eden ylalaşyk” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdogan bilen Liwiýanyň Milli jebislik hökümetiniň Prezidiumynyň Başlygy Faýez Al Sasažyň Deňiz, ygtyýar giňişlikleriniň Çäklendirilmegi hakyndaky Ylalaşyga 27-nji noýabrda gol goýandyklaryny mälim edýär. Habarda Daşary işler ministrliginiň Özara syýasy işler we Deňiz-awiasiýa-Serhetler Baş müdiriniň wekili Çagataý Erjiýesiň Türkiýe bilen Liwiýany deňizde goňşy edýän ylalaşykdan soňky serhetleri görkezýän kartany sosial media arkaly halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirendigi mälim edilýär.

“Haber Türk” gazeti “Milli goranmak ministrligi: “Türkiýe NATO-daky borçlaryny berjaý eder” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklar departamentiniň Tanyşdyryş işleri boýunça resmisi Pyýa goşunlaryň polkownigi Oljaý Denizeriň geçiren metbugat ýygnagynda Türkiýäniň 1952-nji ýylyň 18-nji fewralynda Demirgazyk Atlantik Pakty Guramasy NATO-da halkara howpsyzlygyna we durnuklylygyna möhüm goşantlar goşandygyny aýdandygyny ýazýar. Gazet Denizeriň “NATO ýurdumyzyň gojpsyzlygynyň üpjün edilmeginde möhüm pozisiýa eýeledi, ýurdumyz hem elmydama öz borçlaryny berjaý etdi we etmäge dowam eder” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Albaýrak: “Türkiýäniň ösüş depgini dowam edýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýylyň üçünji çärýeginde eý ebolan pozitiw ösüş depgini bilen 0,9 göterim ösüş edendigini nygtaýar. Habarda Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň Twitter arkaly beren habarnamasynda ýylyň dördünji çärýeginiň alynky görkezijilerine görä Türkiýäniň ösüş depgininiň güýçlenýändigine ünsleri çekendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Dünýä belli ykdysatçy Nuriel Rubini: “Türkiýede ösüş pozitiw dowam eder” söz başyly habarynda, dünýä belli ykdysatçy Nuriel Rubininiň Türkiýäniň ykdysadyýetiniň geçen ýylyň ikinji ýarymynda walýuta çökgünligi we maliýe basyşlary sebäpli emele gelen durgunlyk döwründen üstünlik bilen çykandygyny belläp: “Eksportyň has bäsleşikçi bolmagy netijesinde hasaplaşyk ýetmezçiligi azaldy. Türkiýede ykdysady özüş pozitiw dowam eder we geljek ýyl üçin ösüş 3 göterime barabar bolar” diýen sözlerini çap edýär.



Degişli Habarlar