Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1073112
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Ministr Turhanyň: Türkiýe “milli lokomotiw” bilen dünýäde dördünji ýeri eýeledi” söz başyly habarynda, Ulag we infrastruktura ministri Jahit Turanyň: “Türkiýe ýangyjy tygşytly sarp edýän we çykdajysy az bolan gibrid lokomotiw bilen dünýäde şol tehnologiýa eýe Fransiýadan, Ýaponiýadan we Hytaýdan soň dördünji ýurt” boldy diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.

“Star” gazeti “Konýada öndürilen forklift üçin 49 ýurtdan wekilhana almak üçin teklip geldi” söz başyly habarynda, Konýada ýerli we milli şertlerde öndürilen forklift üçin 49 ýurtdan 151 firmanyň satuw wekilhanasyny açmak üçin teklip hödürländigini ýazýar. Gazet Konýa şäherinde iş alyp barýan firmalardan biriniň Selçuk uniwersitetiniň goldaw bermeginde 2012-nji ýylda başladan ylmy-barlag işlerininiň Türkiýäniň Ylmy we tehnologik barlaglar guramasynyň goldawy bilen depgininiň güýçlenendigini, firmanyň Ylmy-barlag taslamalaryndan jogapkär ýolbaşçysy Mahmut Çimeniň öndüren forkliftlerini umuman daşary ýurtlara satýandyklaryny beýan edip; “Estoniýanyň, Awstriýanyň, Belgiýanyň we Fransiýanň başda durmagynda köp sanly Ýewropa ýurduna forklift eksport edýaris. 49 ýurtdan 151 firma önümiň satuw wekilçiligini almak üçin ýüz tutdy. Häzirki wagta çenli 20 wekilhana açdyk” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Funduk eksportynda nobat Latyn Amerika ýurtlarynda” söz başyly habarynda, “Garadeňiz Funduk önümleriniň eksportynyň bileleşiginiň” Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy İlhas Edip Sewinjiň şu ýyl Braziliýa we Meksika funduk we funduk önümlerini eksport etmegi nazarda tutýandyklaryny nygtap, 2018-2019-njy eksport ýylynyň 1-nji sentýabrda başlandygyny ýatladyp, bir aýyň dowamynda 25,200 tonna funduk maňyzyny eksport edip, 135,26 million dollar girdeji gazanandyklaryny aýdandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türk halylary dünýäni bezedi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýylyň 8 aýlyk döwründe 1,4 million dollarlyk haly eksport edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Fatih Erdin dünýä ikinjisi” söz başyly habarynda, Bütindünýä göreş çempionadynda erkekleriň arasynda erkin göreş boýunça 86 kilogram agyrlykda Fatih Erdiniň kümüş medal almagyň hötdesinden gelendigini ýazýar. Gazet Budapeştde Rapp Laszlo sport zalynda geçirilen Bütindünýä göreş çempionatynyň ikinji gününde milli türgen Fatih Erdiniň ABŞ-dan Dewid Marris Taýlory ýeňendigini mälim edýär.



Degişli Habarlar