Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

861428
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti Prezident R. T. Erdoganyň paýtagt Ankarada geçirlen “Bökdençlikleri ýeňip geçenleriň duşuşygy” atly çärä gatnaşandygyny ýazýar.

Prezident Erdogan çärede eden çykyşynda “Ben sermaýanyň çäklendirilmegi babatynda hiç hili görkezme bermedim.Fetullahçy terror guramasy FETÖ/PDÝ we PKK-a ýaly terror guramalary bilen arabaglanşykly ýagdaýda pullaryny daşary ýurda alyp gidenler onsuz hem dönükdir. Men işewwür adamlarymyzdan milli bähbitlerimize laýyklykda hereket etmeklerini isledim” diýip belledi.

Prezident Erdogan “Türkiýe erkin bazar ykdysadyýetine eýe bolan ýurt. 1989-njy ýyldan bäri isleýän her bir adamyň pulyny daşary ýurtlarda banklarda goýmak hukugy bar we bu elbetde şeýle dowam edýändir” diýdi.

“Star” gazeti “Gündogar Garadeňiz welaýaty önümlerini 112 ýurda eksport edýär” söz başyly habarynda Gündogar Garadeňiz welaýatynda ösdürlip ýetişdirilýän gök we miwe önümleriniň 112 ýurda eksport edilýändigini habar berýär.

Gündogar Garadeňiz Eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Ahmet Hamdi Gürdogan mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda Trabzon, Rize, Artwin we Gümüşhane welaýatlaryndan ýanwar-noýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 1 milliard 297 million 797 müň dollarlyk önümiň eksport edilendigini aýtdy.

Eksport sanawynda nobaty bilen Russiýa Federassiýasy, İtaliýa, Germaniýa, Gruziýa we Fransiýa ünsleri özüne çekdi.

“Ýeni Şafak” gazeti Sakarýa uniwersitetiniň İnženerçilik fakultetiniň Maşyn inženerçiligi bölüminiň mugallymy Dos.Dr Ekrem Büýükkaýanyň talyplary bilen birlikde ähli agyrlyklara garamazdan öz durkuny gorap saklaýan ýel tribunasynyň ganat taslamasyny oýlap tapandygyny mälim edýär.

Täze enjam oýlap tapmak bäsleşigine gatnaşan talyplar ganat taslamasy bilen 32 taslamanyň arasynda birinji orny eýeledi.

“Watan” gazeti Beýtullah dünýä çempiony” söz başyly habarynda şikesli milli ýüzüji Beýtullah Erogly Bütin dünýä şikesliler ýüzme çempionadynda ilkinji gezek dünýä çempiony bolandygyny ýazýar.

Halkara Paralimpik komiteti tarapyndan berlen beýanata görä, Meksikanyň paýtagty Meksikoda geçirlen çempionada gatnaşan milli türgen 50 metre ýüzmekde 38,35-lik derejesi bilen bäsdeşlerinden öňe geçip birinji orny eýeledi.

Beýtullah 100 metre ýüzmekde bolsa dördünji orny eýeledi.



Degişli Habarlar