Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

782997
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “3 serkerde çalyşdy” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Ýokary Harby Şuranyň geňeşinde iş möhleti 2019-njy ýylda gutarjak Baş ştabyň başlygy general Hulusi Akaryň wezipesini dowam etdirmegi, general Ýaşar Güleriň Žandarm serkerdeliginde guryýer goşunlarynyň serkerdeligine, Korpus admiral Adnan Özbalyň Deňiz güýçleriniň serkerdeligine, general Hasan Küçükakýüziň bolsa Harby howa güýçleriniň serkerdeligine bellenendigini, 6 general we admiral bilen 61 ofiseriň çininiň beýgeldilendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Türkiýä bolan ynamyň görkezijisi “üç gol” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ykdysady taýdan ynamly ýurt bolmagynyň Ekzimbank tarapyndan hem tassyklanandygyny ýazýar. Gazet Hytaýdan 200 million dollar karz alan, Londonda bolsa 635 million dollara gol goýan bankyň Britaniýanyň eksport edarasy bilen hyzmatdaşlyk edendigini, bankyň iýul aýynda möhleti dolan sendikasiýa karzyny 110 göterim täzeländigini, Türk Ekzimbankynyň ýewro sendikasiýasyna ilkinji gezek goşulandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Balyk hojalygynda Gresiýadan öňe geçdik” söz başyly habarynda, 2000-nji ýyllardan bäri balykçylyk hojalygynda uly ösüş eden Türkiýäniň soňky ýyllarda maýa goýumlarynyň mukdaryny artdyryp, Ýewropada birinji orny eýeleýäň Norwegiýadan soň ikinji ýeri eýeländigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Palestinaly režisýor žýuriniň başlygy boldy” söz başyly habarynda, 54-nji Halkara Antalýa film festiwalynyň žýurisiniň başlyklygyna Elia Suleimanyň saýlanandygyny, Ýewropadaky belli festiwallarda baýrakly orunlara mynasyp görülen palestinaly režisýoryň Kan ýaly köp sanly halkara festiwalynda žýuriniň agzalygyny ýerine ýetirendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Milli komanda Lujä amanat” söz başyly habarynda, Fatih Terim bilen ýollaryny aýyran Türkiýäniň Futbol federasiýasynyň Milli ýygyndy komandanyň ýolbaşçylygyna kimiň bellenjekdigini kesgitländigini, Şenol Güneş bilen geçirilen gepleşiklerden netije çykmandan soň, ünsleriň türk futbolynda Galatasaraýda we Beşikdaşda çempionlyk alan Mirsea Lujeska gönügendigini, komandanyň başlygy Ýyldyrym Demiröreniň düýn Rumyniýa gidip, tejribeli türgenleşdiriji bilen 2+1 ýyllygyna ylalaşandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar