Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

779403
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Türkiýe ykdysadyýetde gowy ýolda” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň ykdysadyýetde özgermeleriň dowam etjekdigini belläp, önümçilik we täze iş orunlarynda oňyn öňe gidişlikleriň edilýändigini aýdandygyny habar berýär. Gazet Adalat we ösüş partiýasynyň baş merkezinde deputatlar bilen duşuşan Erdoganyň Türkiýäniň öňümizdäki etapda barha özgerýän ykdysadyýetiniň has hem belent ýerlere geljekdigini aýdandygyny belleýär. Habarda Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň daşary ýurtly maýadarlaryň öňünde bir päsgelçilik emele getirmeýändigini aýdan Erdoganyň wagty gelende Adatdan daşary ýagdaý dolanşygy bahanasynyň hem ortadan aýryljakdygyny aýdandygy beýan edilýär.

Star gazedi: “Birža ýapylyş rekordyny 108.391,71 bala ýetirdi” söz başyly habarynda, Birža Stambulda BIST 100 indeksiniň 108.605,51 bal bilen ähli wagtlaryň iň ýokary derejesine ýetmeginden soň düýn güni 1,11 göterim ösüş bilen ýapylyş rekordy bolan 108.391,71 bal bilen tamamlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Birža Stambulda BIST 100 indeksi ozalky ýapylyşa görä 1.185,55 bal artyp, jemi iş kuwwady 5 milliard lira derejesinde boldy.

Hürriýet gazedi: “Ägirt uly taslamanyň tendrine uly gyzyklanma” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň energetika çeşmeleri strategiýasynyň ikinji taslamasy üçin  dünýäniň iň uly 8 ýel turbina öndüirijisiniň teklip hödürländigini mälim edýär. Gazet ýel energiýasynda 1 müň megawattlyk kuwwada eýe boljak turbinalaryň gurulmagyny üpjün etjek tendriň awgust aýynda tamamlanjakdygyny nygtaýar. Habarda “Ýeliň diwana taslamasy” diýip atlandyrylýan ýel energiýasy taslamasynyň tendri üçin teklip hödürlän firmalaryň global ýel bazarynyň 90 göterimine wekilçilik etmeginiň taslamanyň halklara arenada bildirilýän gyzyklanmanyň görkezijisidigi ýazylýar. Ägirt uly tendre teklip hödürlän firmalaryň arasynda 4 sany nemes firmasy hem bar.

Habertürk gazedi: “Arap syýahatçylygynda serial dopingi” söz başyly habarynda, soňky ýyllarda Saud Arabystany, BAE, Kuweýt, Müsür, Katar, Eýran we Iordaniýa ýaly ýurtlarda görkezilmäge başlanan türk seriallaryň şol ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň Türkiýä bolan söýgüsini we gyzyklanmasyny artdyrandygyny habar berýär. Esasan hem Gara deňiz sebiti arap syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Gazet Türkiýäniň Gara deňiz sebitiniň ýap-ýaşyl tebigaty bilen özüne haýran galdyrýandygyny belleýär. Habarda seriallaryň täsiri bilen türk dilini öwrenmäge başlan syýahatçylaryň sanynynň hem barha artandygyna üns çekilýär. Gazet arap syýahatçylary esasan hem Uzungöl we Aýdere ýaýlagy diýilen ýerlere gelip, dynç alýandyklaryny ýatladýar. Ol ýerleri barýan turistleriň sany geçen 2016-njy ýyla garanyňda 50 göterim artandygy bellendi.

Ýeni Şafak gazedi: “Bilimiň merkezi Stambul” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Yslam dünýäsiniň merkezi ýagdaýyna öwrüljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Stambulda guruljak we arap-türk-iňlis dillerinde bilim berjek Halkara Yslam uniwersitediniň musulman dünýäsiniň meselelerine çözgüt tapmak üçin işler etjekdigi nygtalýar. Gazet Halkara Yslam uniwersitediniň dini garalaýan guramalara garşy hem global derejede göreşjekdigini beýan edýär. 2015-nji ýylda bäri gurulmagy gün tertibinde bolan Halkara Yslam uniwersitedi talamasy üçin taýarlyklary gysga wagtyň içinde tamamlanar. Uniwersitediň 2019-2020-nji okuw ýylynda hyzmat bermäge başlamagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar