Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

748322
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Katara sosial mediadan goldaw” söz başyly habarynda, käbir Arap ýurtlary bilen krizis başdan geçirýän Katara goldaw bermek maksady bilen sosial media platformasy Twitterden açylan "#KatarYalnızDeğildir" heşteginiň üsti bilen goldaw ýüzlenmeler gelmäge dowam edýändigini habar berýär. Gazet Twitter ulanyjylarynyň “Katardan Türkiýä Osmanly salamy”, “Türkiýe-Katar dogandyr”, “Dostlardan ýüz öwrülmez”, “Türk milleti taryh boýunça goldawa mätäç bolan  doganlaryny ýalňyz goýmady, indem goýmaz” diýip ýazandyklaryny belleýär. Habarda Katara goldaw bermek maksady bilen döredilen "#KatarYalnızDeğildir" heştegi Türkiýe sanawynda 1-nji orundadygy, dünýä sanawynda bolsa 6-njy orundadygy beýan edilýär.

Haber Türk gazedi: “Stambula gelen syýahatçylaryň sany” söz başyly habarynda, aprel aýynda Stambula gelen syýahatçylaryň sanynyň geçen ýyla garanyňda 16,8 göterim artyp, 835 müňe ýetendigini mälim edýär. Habarda geçen ýyl Stambula gelen syýahatçylaryň sanynyň 715 müň bolandygy, şu ýylyň ilkinji 4 aýynda bolsa Stambula gelen syýahatçylaryň sanynyň 2 million 727 müňe ýetendigi nygtalýar. Gazet şu ýylyň ilkinji 4 aýynda Stambula gelen daşary ýurtlylaryň sanawy şu aşakdaky ýaly: Nemesler: %9, eýranlylar: %7.2, saud arabystanlylar: %4.4, ruslar: %4.2, yraklylar: %4.0, iňlisler: %3.6, ukrainalylar: %3.5, fransuzlar: %3.3, gollandiýalylar: %2.7, amerikalylar: %2.6, kuwweýtliler: %2.2, azerbaýjanlylar: %2.2, alžirliler: %2.1, hytaýlar: %2, türkmenler: %2, beýleki milletler: %45.

Watan gazedi: “Britaniýada Türkiýä syýahada gidiň çagyryşy” söz başyly habarynda, Britaniýanyň Independent gazediniň işgäri Emma Tomsonyň “Türkiýä dynç almaga gidiň” diýip çagyryş berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýe syýahady barada makalasynda ýazan Tomsonyň esasan hem Fethiýe we onuň golaýynda ýerleşýän Likýa ýoly, taryhy Kaýaköý, Pynara gadymy şäheri we spordyň tebigy görnüşleri barada belläp geçendigini beýan edýär. Habarda Tomsonyň iňlis ýazyjynyň: “Bu gözelliklerden mahrum galmaň” diýip ýüzlenme berendigi bellenýär.

Star gazedi: “Gündogaryň kysmady geotermal bilen üýtgär” söz başyly habarynda, Agry welaýatynyň Diýadin etrabynda geotermal suwdan peýdalanyp guruljak Geotermal çeşmeli oba-hojalyga esaslanýan senagat zolagynyň saýasynda maýa goýumlaryň we iş orunlarynyň artyryljakdygyny habar berýär. Gazet Diýadindäki suwyň ätiýajynyň örän ýokarydygyny, suwyň çuň ýerlerde has hem gyzgyndygyny anyklanandygyny nygtaýar. Gazet Diýadindäki geotermal suwyň hem parnik ekinler üçin ulanyljakdygyny hem-de elektrik tok öndüriljekdigine ünsi çekýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Real Madridiň meşhur futbolçylaryndan Karim Benzema Stambulda agzaçara gatnaşdy” söz başyly habarynda, Ispaniýanyň bütin dünýä tarapyndan tanalýan Real Madrid futbol toparynyň futbolisti Karim Benzemanyň Stambul şäheriniň Fatih etrabyndaky agzaçara gatnaşandygyny mälim edýär. Habarda asly alžirli bolan futbolçynyň ilki Fatih etrabynyň häkimligine baryp, etrap häkimi bilen duşuşandygy, soňra bolsa Haseki Soltan kompleksinde agzaçara gatnaşandygy ýazylýar.



Degişli Habarlar