Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

719873
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Sinjara operasiýa” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygyndaky Sinjar dağyna we Siriýanyň demirgazy-gündogaryndaky Karakoçak dağyna guran howa operasiýasynda terrorçylara degişli ýerleri bombalandygyny ýazýar. Gazet hökümetiň Sinjarda ekstremist terror guramasy PKK-nyň ornaşmagyna ýol berilmejekdigi barada ýygy-ýygydan beýannama berilendigini ýatladýar. Habarda Prezident R.T.Erdoganyň hem Siriýadaky “Ýefrat galkany” operasiýasynyň terrorçylyga garşy göreşde soňky däl, eýsem ilkinji operasiýadygyny we operasiýanyň Yrakdaky terror öýjüklerine-de guraljakdygyny aýdandygy nygtalýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “15-nji iýulda onsunz hem synap gördüňiz” söz başyly habarynda, agdarlyşyk synanşygy we terror guramalaryna berýän goldawy bilen Türkiýäniň hem-de Prezident Erdoganyň öňüne böwet basyp bilmedik Ýewropanyň pespäl çagyryşlar bermäge başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet pespäl çagyryşyň Erdogana bolan duşmançylygyň ýeten sepgidini görkezýändigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Çanakgala namys we jan goranyşydyr” söz başyly habarynda, Çanakgala guryýer ýeňişiniň 102-nji ýyllygynyň dabara bilen bellenip geçilýändigini mälim edýär. Habarda Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nabi Awjynyň Çanakgala goranyşynyň iň bir buýsançly wakalardan biridigini aýdandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Stambulyň biržasy ähli döwürleriň ýokarsynda” söz başyly habarynda, daşary ýurtlaryň biržalaryndaky rallinin we Amerikan dollarynyň hümmetiniň gaçmagynyň Birža Stambuly taryhy belentlige göterendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Birža Stambulyň indeksinin soňky dört ýylyň iň ýokary çägi bolan 93,398 baldan hem geçendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýäniň deňagramlyklary özgerdýän başlangyç” söz başyly habarynda, dünýädäki nebit we tebigy gaz ätiýajynyň Türkiýäniň ýakyn sebitlerinde ýerleşýändigini, şol çäkde Türkiýäniň energetika koridory häsýetine eýedigini nygtaýar. Gazet Türkiýäniň energetika pudagynda alyp barýan işjeň syýasatynyň netijesinde Ortaýer denizinde nebit we tebigy gözleg işlerine başlajakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar