Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.05.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

285601
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.05.2015

“Haber Türk” gazeti “Kuşadasy-Didim erkin sebit” söz başyly habarynda Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň Kuşadasy bilen Didimiň arasyndaky sebitiň erkin syýahatçylyk sebiti boljakdygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Gazet Kuşadasy bilen Didimiň syýahatçylyk taýdan uly mümkinçilige eýedigine ünsi çeken ministr Zeýbekjiniň “Maýadarlar üçin hem uly mümkinçilikler we ýeňillikler dörederis”diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


“Ýeni Şafak” gazeti “Goranyş senagatynyň önümleri 117 ýurda eksport edilýär” söz başyly habarynda Türkiýäniň goranyş we awiasia pudagy üstümizdäki ýylyň ilkinji 4 aýlyk döwründe önümlerini 117 ýurda eksport edendigini habar berýär.
Gazet ady agzalýan döwürde pudagyň eksport girdejisiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,36 göterim ýokarlandygyny we 461 million dollara barabar bolandygyny nygtaýar.
Gazet Türkiýäniň goranyş we awiasia pudagynyň eksport sanawynda ABŞ-nyň birinji orny eýeleýandigini ýatladýar.


“Star” gazeti “Üç aýda daşary ýurtly maýadarlardan 3,5 milliard dollarlyk maýa goýum” söz başyly habarynda Ykdysadyýet ministrliginiň mart aýy baradaky Halkara göniden maýa goýum görkezijilerine görä, üstümizdäki ýylyň 3 aýlyk döwründe daşary ýurtly maýadarlaryň Türkiýede 3 milliard 456 million dollarlyk maýa goýandygyny ýazýar.


“Ýeni Şafak” gazeti “Stambul maýa goýum maslahaty” söz başyly habarynda Stambul Halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum maslahatynyň 30-njy maýda Stambulda geçiriljekdigini habar berýär.
Gazet Halkara diplomatlar bileleşigi we Ýewropa işewür adamlary topary tarapyndan geçiriljek maslahata Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Türkiýäniň Maýa goýum goldaw we tanadyş gullygynyň hem goldaw berjekdigini nygtaýar.


“Sabah” gazeti “Türkiýe maýa goýumyň gapylaryny açdy” söz başyly habarynda Italian energetika firmasy Techintiň Türkiýede maýa goýmak isleýändigini mälim edýär.
Gazet firmanyň sebitleýin baş müdüri Pablo Widelanyň “Türkiýe bize täze gapylar açýar, 10 ýyllyk strategiýa hödürleýär. Birnäçe ugurda maýa goýmak üçin gepleşik geçirýäris” diýen sözlerini ýatladýar.


“Hürriýet”gazeti “Tekstilbankyň ady ICBC Türkiýe bolýar” söz başyly habarynda Tekstilbankyň dünýaniň iň uly banky hökmünde bilinýän Hytaýly YJBJ tarapyndan satyn alynandygyny ýazgar.
Gazet bankyň mundan soň ICBC Türkiýe hökmünde iş alyp barjakdygyny nygtaýar.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar