Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.03.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

287862
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.03.2015

Sabah gazeti: “Maýa döwletden tehnologiýa firmadan” söz başyly habarynda, Ýurduň ykdysady pudagynyň dolandyryjylary Türkiýede iş orunlaryny köpeltmek we önümçiligi ýokarlandyrmak üçin maksatnama taýýarlandygyny mälim edýär. Gazet şu hepde yglan ediljek maksatnama laýyklykda maýasyny artdyran firmalaryň salgytlarynyň azaldyljakdygyny we tehnologiýa öndürýän firmalara goldaw beriljekdigini habar berýär.

Ýeni Şafak gazeti: “Harrana 2 million syýahatçynyň gelmegine garaşylýar” söz başyly habarynda, Dünýaniň ilkinji oturymly ýerleriniň biri bolan taryhy Harran şäherine, şu ýyl 2 million syýahatçynyň gelmegine garaşylýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Harran şäherindäki konus şekilli öýleri, täsin binagärçiligi we ilkinji Yslam uniwesitetiniň galyndylaryny görmäge her ýyl müňlerçe syýahatçynyň gelýändigini we şäheriň ÝUNESCO-nyň medeni miras sanawyna girmek üçin dalaşgärdigini ýatladýar.

Hürriýet gazeti: “Antalýada ägirt uly taslamalaryň gurluşygy badalga aldy” söz başyly habarynda, soňky ýyllarda Antaliýada ägirt uly taslamalaryň gurulmaga başlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Antalýada Konýaalty plažy, Bogaçaýy, Kruize deňiz porty, ýahtalar üçin port, derýada gaýyklaryň duralgalary, demir ýol gurluşygy ýaly taslamalaryň gurulmaga başlanandygyny belleýär. Gazet Antalýada ýerleşjek “Gül we çaga” mowzukly botaniki “EXPO 2016” sergi merkeziniň gurluşygynyň hem giň-gerimli alynyp barylýandygyny ünsi çekýär.

Star gazeti: “Altyn çigildem kinemotografiýa festiwali başlaýar” söz başyly habarynda, 34-nji Stambul Film festiwaliniň 4-nji aprelde başlajakdygyny mälim edýär. Gazet Festiwalda Jafer Panahi, Tommy Li Jones, Ann Hul, Paul Tomas Anderson, Danis Tanowiç ýaly ussatlaryň filmleriniň gözkeziljekdigini, 19-njy aprele çenli dowam etjek festiwalda 62 ýurtdan 204 filmiň görkeiljekdigini habar berýär.

Watan gazeti: “Papadan weto” söz başyly habarynda, 1915-nji ýyldaky wakalarynyň 100 ýylygy sebäpli Watikany öz tarapyna çekjek bolýan Ermenistanyň, Türkiýäniň hökümetiniň tagallasy bilen ilkinji gezek “Ýok” jogabyny alandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Ermenistanyň hökümetiniň Papany 24-nji aprelde ýörite ritual geçirmäge çagyrandygyny mälim edilýär. Gazet Ermenistanyň hökümetiniň esasy maksady asylsyz ermeni wakalara Papanyň goldawyny almakdygyny belleýär. Gazet Anakaranyň Watikandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçisi Mehmet Paçajynyň üsti bilen Watikan bilen habarlaşandygyny, diplomatik tagallalaryň netijesinde Papanyň Ermenilere negatiw jogap berendigini habar berýär.

Haber Türk gazeti: “Fransiýa gideris” söz başyly habarynda, 2016 Ýewropa futbol çempionatynyň seçip alyş bäsleşiginde Türkiýäniň Gollandiýanyň öýünde 1-1 hasaby bilen deňme-deň oýnandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäniň Milli futbol toparynyň tälimçisi Fatih Terimiň futbolçylara minnetdarlygyny bildirendigini belleýär. Gazet Terimiň: “Oýnan oýunyňyz geljege umyt bilen bakmagymyza mümkinçilik döretdi. Fransiýa gitjegimize ynanýaryn” diýendigine ünsi çekýär. Gazet Milli futbol toparyň taýarlyk oýunyny oýnamak üçin Lýuksemburga gidendigini we toparyň Lýuksemburg bilen 31-nji martda sişenbe günündäki bäsleşiginden soň Türkiýä dolanyp geljekdigini habar berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar