Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.01.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

189943
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.01.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “Fransuzlar bölündi” söz başyly habarynda, fransuz halkynyň ýarysyna golaýy “Şarli ebdo” žurnalynyň Hezreti Muhammediň karrikaturalaryna garşylyk görkezendigini ýazýar. Gazet “İFOP” atly barlag-seljeriş firmasynyň “Şarli ebdo” žurnalyna guralan hüjümden soň geçiren sowalnamasyna görä fransuz halkynyň ýarysynyň söz azatlygynyň çäginiň bolmalydygyny pikir edýändigini nygtaýar. Sowalnama gatnaşanlaryň 50 göterimi internetde söz azatlygynyň çäklendirilmegini isleýän bolsa, 42 göterimi bolsa karrikaturanyň netijeleriniň hasaplanylmalydygy we çyzylmaly däldigi garaýyşyna eýe.
“Watan” gazeti “Liderler maslahatyny guramagy meýilleşdirýäris” söz başyly habarynda, Wise-premýer Ali Babajanyň G-20-niň döwürleýin ýolbaşçylygy baradaky beýannamasynda Türkiýäniň şu buýsandyryjy wezipe bilen dünýä ykdysadyýetiniň we maliýesiniň gün tertibini kesgitleýiji pozisiýa eýe bolandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda noýabr aýynda G-20-ä girýän ýurtlaryň liderleriniň maslahatynyň geçiriljekdigini nygtan Ali Babajanyň meseleleriň çözülmegi we howplaryň artmazlyggy üçin liderleriň ygtyýarynyň gerekdigini aýdandygy mälim edilýär.
“Milliýet” gazeti “Antarktika üçin ylmy merkez” söz başyly habarynda, Stambulyň tehniki uniwersitetiniň “Polýus” ylmy barlag merkeziniň Arktika we Antarktika polýuslarynyň geljegi barasynda Türkiýe üçin ylmy barlaglary geçirjekdigine ünsleri çekýär. Gazet ýer şary üçin ähmiýeti günsaýyn artýan Antarktika Türkiýe tarapyndan gurulmagy meýilleşdirilýän ylmy baza üçin görülýän taýarlyklaryň çäginde Stambulyň tehniki uniwersitetiniň ýörite merkeziň döredilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Akşam” gazeti “Sitrus önümleri Uzak Gündogara ýolagçy” söz başyly habarynda, Türkiýä gök we miwe eksportynda başda durýan önümlerinden bolan sitrus önümleriniň Uzak Gündogar ýurtlaryna satylmagy üçin edilen tagallalaryň çäginde Russiýa bilen birlikde dünýäniň köp sanly ýurduna önüm satýan türk sitrus önümlerini öndürijileriniň Ýaponiýa we Hytaý Halk Respublikasyna etjek eksporty bilen has-da güýçlenmek isleýändigini nygtaýar.
“Sabah” gazeti “Türkiýe-Germaniýa empatiýa köprüsi” söz başyly habarynda, ilatynyň 5 göterimi musulmanlardan ybarat bolan Germaniýanyň Türkiýe bilen Ýaşlar köprüsini gurandygyny mälim edýär. Gazet “Stiftung Merkator” gaznasynyň iki ýurduň ýaşlaryny jebisleşdirjek ýüzlerçe taslama üçin 3 million awro serişde bölüp berendigini, 2015-nji ýylda azyndan 10 taslamanyň çäginde ýaşlardan 200 sanysyny, 2018-nji ýylda bolsa 500 taslama bilen 10 müň sanysyny duşuşdyrmak isleýändigini ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar