Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.11.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

209417
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.11.2014

“Sabah” gazeti “Dünýämiz üçin umyt fotosurady” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Türkiýede saparda bolýan Katolik dünýäsiniň ruhany lideri Papa Fransis bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berendigini ýazýar.

Gazet Prezident Erdoganyň “Papa bilen berjek ýüzlenmämiz Yslam we hristian dünýäsinde parahatçylyk umydyny artdyrar” diýendigini belleýär.
Habarda Erdoganyň çykyşynda dünýäniň Gaza, Al Aksa metjidi meselesinde iki ýüzli çemeleşýändigine garşylyk görkezendigi bellenilýär.


“Akşam” gazeti “Alla Türkiýäni gorasyn” söz başyly habarynda Ankara sapar guran 4-nji Papa bolan Fransisiň Siriýadan we Yrakdan gaçan ýüz müňlerçe adama gujak açandygy sebäpli Türkiýä öz minnetdarlygyny bildirendigini ünsi çekýär.
Gazet Papanyň “Alla Türkiýäni gorasyn we goldaw bersin, ony yzygiderli parahatçylygyň goragçysy etsin” diýen sözlerini ýatladýar.


“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe garaşsyz kararlar kabul edýär” söz başyly habarynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkiýäniň Russiýa bilen edýän ykdysady gatnaşyklary bilen birlikde ähli ugurlarda kabul edýän garaşsyz kararlaryny takdyr edendigini ýazýar.
Gazet 1-nji dekabrda Türkiýä gurajak saparynyň öňüsyrasynda Anadoly habarlar gullugynyň soraglaryna ýazmaça jogap beren Putiniň “Elbetde käbir meselede şol bir garaýşa eýe bolman bileris hatda tapawutly hem bolup biler. Bu hem garaşsyz daşary syýasat alyp barýan döwletler üçin tebigy zatdyr. Biz ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ähmiýet berýäris” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.


“Akşam” gazeti “Ýene 28-nji noýabr emma bu gezek ölüm” söz başyly habarynda Germaniýada zorlanan gyzlara kömek eden, emma serp ýetginjegiň ýumrugy sebäpli ýykylan we beýniniň funksiýasyny ýitirendigi sebäpli Tugçe Albaýragyň ýogalandygyny ýazýar.
Gazet Tugçe Albaýragyň 28-nji noýabrda 23-nji ýaş gününde ýogalandygyny belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar