Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.10.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giňişleýin ýer alýar

150646
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.10.2014

“Hürriýet” gazeti “Ankaranyň karary:Girmeýäris” söz başyly habarynda hökümetiň Siriýada “Howpsyz sebit bilen uçuşa gadagan zolak” yglan edilýänçä Türkiýäniň Beýik Millet Mewlisinde kabul edilen ygtyýarnamanyň durmuşa geçirilmegi barada pikir etmeýändigini we munyň hem Türkiýäniň serhetaşa operasiýa guramajakdygyny görkezýändigini ýazýar.

Gazet resmi Ankaranyň Kobana we Kobaniniň halkyna ynsanperwer kömegini bermek bilen çäklenjekdigini nygtaýar.


“Ýeni Şafak” gazeti “Serhet ýakasyna roketa eňňidi ýerleşdirildi” söz başyly habarynda Kobaniniň gündogarynda we günorta gündogarynda ýerleşýän strategiýa taýdan möhüm depelere baýdagyny diken YDYD guramasy bilen kürt toparlaryň arasyndaky çaknyşyklaryň güýçlenýändigi sebäpli Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň serhetýakasyna roketa eňňitlerini ýerleşdirendini belleýär.
Gazet Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň serhetde berk howpsyzlyk çärelerini görendigini ýatladýar.


“Akşam” gazeti “Kipr gepleşiklerinde krizis emele geldi” söz başyly habarynda Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadisiň Türkiýäniň tebigy gaz gözleg işleriniň geçirilýän sebitlerine harby gämilerini ugratmagy sebäpli gepleşik etabyndan çekilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy tarapyndan berlen beýanatda “Türk tarapy hökmünde Kipr meselesiniň yzygiderli we adalatly ýagdaýda çözülmegi üçin öz üstümize düşýän jogapkärçiligimizi ýerine ýetirmekde tutanýerlidiris” diýlendigini belleýär.


“Hürriýet” gazeti “Telekeçiligiň merkezi Türkiýe bolar” söz başyly habarynda Türkiýede telekeçileriň sanyny ýokarlandyrmak üçin tagalla edýan Türk Telekomyň häzire çenli 21 taslama goldaw berendigini ýazýar.


“Milliýet” gazeti Kojaeli welaýatynda önüm öndürýän Polin firmasynyň dünýäniň iň uly 3 suw parky firmasynyň hataryna girendigini nygtaýar.
Gazet 1976-njy ýylda açylan firmanyň Bahamalardan Wetnama, Amerikadan Fransiýa, Ukrainadan Hytaýa çenli dünýäde 90 ýurtda öz markasy bilen suw parklaryny gurýandygyny ýatladýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar